Bap 3
Fariseýleriň arasynda Nikodimos atly bir adam bardy, ol ýehudylaryň başlyklaryndandy.
2 Bu adam gijäniň içinde Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Mugallym, biz Seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris, çünki Hudaý Özi bilen bolmasa, hiç kim Seniň görkezen alamatlaryňy görkezip bilmez».
3 Isa oňa: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.
4 Nikodimos Oňa: «Garran adam gaýtadan nähili doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip doglup bilermi?» diýdi.
5 Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, suwdan we ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez.
6 Bedenden doglan bedendir, ruhdan doglan ruhdur.
7 Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma.
8 Ýel islän ýerinde öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Ruhdan doglanlaryň ählisi hem şeýledir».
9 Nikodimos Ondan: «Bu nähili bolup biler?» diýip sorady.
10 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýärsiňmi?
11 Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny diýýärin, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize güwä geçýäris, ýöne siz biziň güwäligimizi kabul etmeýärsiňiz.
12 Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda Gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarsyňyz?
13 Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr.
14 Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr.
15 Şeýlelikde, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar.
16 Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi.
17 Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi.
18 Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň ýekeje Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir.
19 Höküm şundan ybarat: dünýä nur indi, ýöne adamlar garaňkylygy nurdan gowy gördüler, çünki olaryň işleri ýamanlykdy.
20 Şer iş edýän nury ýigrenýändir, ol işleriniň äşgär bolmazlygy üçin nura gelýän däldir.
21 Emma hak iş edýän işleriniň Hudaý arkaly edilýändigi äşgär bolsun diýip nura gelýändir».
22 Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahuda ülkesine gidip, birnäçe wagtlap olar bilen şol ýerde galyp çokundyrdy.
23 Ýahýa hem Salymyň golaýyndaky Enonda çokundyrýardy, çünki ol ýerde suw boldy, adamlar hem baryp çokundyrylýardylar.
24 Çünki Ýahýa entek zyndana atylmandy.
25 Ýahýanyň şägirtleri bilen käbir ýehudylar arasynda täret meselesinde jedel çykdy.
26 Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Mugallym, Iordanyň aňyrsynda seniň ýanyňda bolan, seniň güwälik eden adamyň, ine, çokundyrýar, hemmeler Oňa barýarlar» diýdiler.
27 Ýahýa olara jogap berip, şeýle diýdi: «Adam Gökden berilmedik hiç bir zady alyp bilmez.
28 „Men Mesih däl, ýöne Ondan öň iberildim" diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz.
29 Kimiň gelinligi bar bolsa, ol giýewdir. Emma giýewiň dosty onuň ýanynda durup, sesini eşidip, onuň owazyna gaty şatlanýandyr. Meniň bu şatlygym-da häzir ýerine ýetdi.
30 Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin.
31 Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäkiler ýaly gepleýändir. Gökden gelen hemmeden ýokarydyr.
32 Ol görenine, eşidenine güwälik edýär, ýöne Onuň güwäligini hiç kim kabul etmeýär.
33 Emma Onuň güwäligini kabul eden Hudaýyň hakykatdygyny tassyklaýandyr.
34 Çünki Hudaý tarapyn Ýollanan Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Ruhy ölçeg bilen bermeýär.
35 Ata Ogly söýýär we Ol ähli zady Onuň eline berendir.
36 Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Ol Hudaýyň gazabyna sezewar bolar».