Bap 63
Edomdan, Bozradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? — Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!
2 — Näme üçin lybasyň gyrmyzy, eşigiň sokuda üzüm sykýanyňky kimin?
3 — Üzümi sokuda ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.
4 Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.
5 Men seretdim, kömekçi ýokdy; hiç kimiň Meni goldamaýandygyna haýran galdym. Onsoň Öz golum Maňa ýeňiş getirdi, Öz gazabym Meni goldady.
6 Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm.
7 Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.
8 Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.
9 Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgisi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.
10 Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjytdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.
11 Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?
12 Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?
13 Halkyny deňiz düýbünden geçiren kim? Atyň büdremän çölden geçişi dek olar-da büdremediler.
14 Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.
15 Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.
16 Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».
17 Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.
18 Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.
19 Owaldan bäri üstlerinden Sen höküm sürmedik, Seniň adyň dakylmadyk halka meňzedik biz.