Bap 2
Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.
2 Ahyrky günlerde Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.
3 Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna — Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siýondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
4 Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.
5 Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!
6 Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly münejjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.
7 Olaryň ýurdy altyn-kümüşden doly, hazynalary tükeniksizdir, ýurt atlardan doly, söweş arabalary san-sajaksyzdyr.
8 Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.
9 Muňa görä ynsan kiçeldiler, her kes peseldiler, olary bagyşlama!
10 Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.
11 Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
12 Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,
13 Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr,
14 Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr.
15 Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr.
16 Tarşiş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.
17 Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün—diňe Reb beýgeldiler.
18 Butlar bütinleý ýok ediler.
19 Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.
20 Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn, kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.
21 Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.
22 Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?