Bap 4
Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp, şeýle diýer: «Öz çöregimizi iýip, öz eşiklerimizi geýeris, Seniň adyňy alsak bolýar, bizi utançdan gutar».
2 Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.
3 Siýonda galanlara — Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýiler.
4 Taňry Siýon gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.
5 Soňra Reb Siýon dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.
6 Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar.