Bap 23
Sor hakyndaky pygamberlik. Eý, Tarşiş gämileri, Sor weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.
2 Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň!
3 Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol.
4 Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
5 Soruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende.
6 Tarşişe geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!
7 Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy?
8 Täçleri berýän Sora garşy beýle karar çykaran kim? Soruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
9 Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, Dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
10 Eý, Tarşiş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.
11 Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.
12 Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
13 Babyllaryň ýurduna sered-ä, bu halk indi ýok! Wagşy haýwanlaryň eline berdi Aşurlylar ony. Olar gabaw diňlerini dikdiler, galalaryny ýykyp, haraba öwürdiler ony.
14 Perýat ediň, eý, Tarşiş gämileri! Galaňyz weýran boldy.
15 Şol günden başlap, Sor ýetmiş ýyl — bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Soruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:
16 Eý, unudylan kemçin, şähere aýlan barbat al-da! Barbat çal-da, köp aýdymlar aýt, seni ýatlarlar belki-de.
17 Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sory idär. Sor söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder.
18 Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.