Bap 37
Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.
2 Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we eginleri jully ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi.
3 Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.
4 Diri Hudaýy masgaralamak üçin jenaby Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň bar sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et"».
5 Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde, Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza şeýle diýiň: Reb şeýle diýýär:
6 „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.
7
8 Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi.
9 Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhaka hakda «Seret, ol seniň bilen uruşmaga çykypdyr» diýen sözi eşidende, ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlar ýollady.
10 Aşur patyşasy şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle diýiň: „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmezligine" bil baglaýan Hudaýyň seni aldamasyn.
11 Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz halas edilermikäňiz?
12 Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini — Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?
13 Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň şalary, Henanyň we Iwanyň şalary nirede?»
14 Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy.
15 Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi:
16 «Eý, keruplaryň üstünde oturan Hökmürowan Reb, Ysraýyl Hudaýy! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
17 Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap iberen sözlerini eşit.
18 Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler.
19 Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.
20 Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler». Işaýa Aşur patyşasy barada pygamberlik edýär
21 Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada dileg edendigiň üçin,
22 Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Siýon boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär".
23 Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!
24 Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: „Birtopar arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, gür jeňňeline girdim.
25 Guýy gazyp, bigäneleriň suwuny içdim. Müsüriň ähli derýalaryny, öz dabanym bilen guratdym".
26 „Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.
27 Bu galalaryň ilaty ejizdi, aljyrap howsala düşdüler. Olar meýdan ösümlikleriniň, mylaýym gök otlaryň tamyň üstündäki otlaryň, ýetişmänkä, gün urup ýok bolşy dek boldular.
28 Emma seniň oturyp-turşuňy, girip-çykyşyňy, Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.
29 Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men"».
30 Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.
31 Ýahuda nesillerinden gutulup aman galanlar ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.
32 Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Siýon dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar"».
33 Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap gum depesini dikeltmez.
34 Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, ýöne bu şähere girmez. Muny Reb aýdýandyr.
35 Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».
36 Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan olaryň maslyklaryny gördüler.
37 Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.
38 Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Şareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.