Bap 59
Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.
2 Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy, sesiňizi eşitmez ýaly, günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi.
3 Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen murdarlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.
4 Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.
5 Kepjebaşyň ýumurtgalaryny basyrýarlar, möý kerebini dokaýarlar; olaryň ýumurtgalaryny iýen ölýär, alahöwren çykýar döwlen ýumurtgadan.
6 Kerebinden eginbaş bolmaz olaryň, gazananlary bezenenlerine ýetmeýär, işleri erbet işdir, ellerinde zorluk işi.
7 Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.
8 Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler, adalat ýokdur ýodalarynda, özlerine egri ýollar etdiler, ol ýollardan ýöreýänler parahatlygy bilýän däldirler.
9 Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne, diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.
10 Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.
11 Ählimiz aýy deý arlaýarys, gögerçin deý iňňildeýäris. Adalata garaşýarys, ýöne ol ýok; halas edilmäge garaşýarys, ýöne ol bizden uzakda.
12 Öňüňde ýazyklarymyz köpdür, günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär, ýazyklarymyz ýanymyzdadyr, etmişlerimizi biz bilýäris.
13 Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.
14 Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär.
15 Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.
16 Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.
17 Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, halas ediş tuwalgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.
18 Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.
19 Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
20 «Siýona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler» diýýär Reb.
21 «Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: Üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.