Bap 15
Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!
2 Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Medeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.
3 Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.
4 Heşbon bilen Elale nalyş edýär, sesleri Ýahaza çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar.
5 Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.
6 Nimrim suwlary gurady; otlar soldy, täze ot gögermedi, gök öwüsýän zat galmady asla.
7 Munuň üçin gazanan baýlyklaryny, bar toplan zatlaryny söwüt jülgesine äkiderler.
8 Agy bilen doldy tutuş Mowap ýurdy; olaryň perýady Eglaýyma, nalyşy Beýerelime ýetýär.
9 Dibonyň suwlary gandan doly, emma Men mundanam beterini getirerin Dimonyň başyna, Mowapdan gaçanlaryň, ýurduň aman galanlarynyň üstüne şir getirerin.