Bap 42
Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.
2 Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz, ony köçelerde eşitdirmez.
3 Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer.
4 Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň tälimine umyt baglarlar.
5 Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:
6 «Men — Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, seni goraryn,
7 Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.
8 Men Rebdirin, bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.
9 Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin».
10 Eý, deňiz syýahatçylary, deňziň içindäkiler, adalar we onda ýaşaýanlar, Rebbe täze aýdym aýdyň, ýeriň aňry ujundan öwgüler aýdyň!
11 Çöl we onuň şäherleri, kedarlylaryň ýaşaýan obalary sesini gataltsyn! Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn, daglaryň başyndan gygyryşsynlar!
12 Olar Rebbi şöhratlandyryp, adalarda Oňa öwgüler aýtsynlar.
13 Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.
14 Men uzak wagtlap dymdym, ümsüm bolup, Özümi sakladym; indi dogurýan aýal dek çygyraryn, sojap dem alaryn.
15 Daglary, baýyrlary weýran ederin, ähli ösümliklerini guradaryn, derýalary adalara öwrerin, howdanlary guradaryn.
16 Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.
17 Oýma butlara bil baglap, guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz» diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.
18 Eý, kerler eşidiň! Eý, körler, serediň, görüň!
19 Bendämden başga kim kör? Kim ýollan habarçym dek ker? Kim Maňa bagyş edilen dek kör? Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?
20 Ol köp zatlary görýär, emma üns bermeýär, gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär.
21 Öz dogrulygy zerarly kanunyny beýgeltmek, şöhratlandyrmak Rebbe ýarady.
22 Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.
23 Araňyzda muňa gulak goýjak, geljekde ünsli diňlejek barmy?
24 Ýakuby talaňçylara, Ysraýyly garakçylara beren kim? Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi? Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler, Onuň kanunyna gulak asmadylar.
25 Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.