Bap 25
Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.
2 Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, ol bina edilmez asla.
3 Şonuň üçin güýçli halklar şöhratlandyrar Seni; ýowuz milletleriň şäherleri Senden gorkarlar.
4 Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,
5 gurak ýerdäki yssy kimindir, kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň; bulut kölegesi bilen yssyny basyşyň kimin, ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy.
6 Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.
7 Bütin halklary örten örtügi, ähli milletleriň üstündäki ýapynjany bu dagdan ýok eder.
8 Ölümi ebedilik ýuwdar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol, muny Reb aýdýandyr.
9 Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»
10 Rebbiň eli bu dagda bolar, Dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.
11 Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin, olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar; emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan, olaryň tekepbirlerini peselder.
12 Ýer bilen ýegsan ediler, diwarlaryndaky berkitmeler.