Bap 12
Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.
2 Elbetde, Hudaý Halasgärimdir meniň, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».
3 Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý, şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.
4 Şeýle diýersiňiz şol gün: «Rebbe şükür ediň, Onuň adyny tutuň; milletleriň arasynda Onuň işlerini aýan ediň, Adynyň beýikdigini jar ediň.
5 Rebbe öwgüler aýdyň, Ol beýik işler etdi; ýer ýüzi bilsin muny!
6 Eý, Siýon halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»