Bap 18
Efiopiýa derýalarynyň aňyrsynda ganatlaryny pasyrdadýan ýurduň dat gününe!
2 Ol Nil derýasynyň üsti bilen gamyş gämilerinde ilçilerini ýollaýar. Eý, ýyndam çaparlar, ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millete, her ýana gorky saçan halka, haýbatly hem basybalyjy millete gidiň!
3 Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!
4 Reb maňa şeýle diýdi: «Günüň howurly yssysy dek, hasyl wagtyndaky çygly bulut dek, mesgenimden ümsüm serederin».
5 Hasyl ýygymyndan öň, gülleme gutaranda, gül üzüm bolup ýetişende, ol bag gaýçysy bilen pudaklary keser, ýaýraýan şahalary kesip taşlar.
6 Hemmesi daglardaky ýyrtyjy guşlara, ýerdäki wagşy haýwanlara galdyrylar. Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara, gyşyna wagşy haýwanlara şam bolarlar.
7 Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Siýon dagyna sowgatlar getirer.