Bap 33
Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.
2 Ýa Reb, bize merhemet et! Biz Saňa umyt baglaýarys. Säherlerine güýç ber, hasratly pursatlarda bizi halas et!
3 Gudratly sesiňden halklar gaçýarlar, şan-şöhratyňdan milletler dagaşýarlar.
4 Oljaňyz çekirtgeleriň ýygnaýşy kimin ýygnalýar, olar çekirtgeleriň topulyşy deý oljanyň üstüne topulýarlar.
5 Beýikdir ýokarda oturan Reb, adalatdan, dogrulykdan doldurýar Ol Siýony.
6 Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.
7 Ine, batyrlary köçelerde perýat edýärler, zar-zar aglaşýarlar parahatçylyk ilçileri.
8 Şaýollar çolarýar, ýolagçylar ol ýoldan geçmez. Şertnama bozulýar, antlaryny ret edýärler, ynsanlary äsgermeýärler.
9 Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.
10 Reb: «Indi aýaga galaryn, indi beýgelerin, belende göterilerin.
11 Siz samandan hamyla bolup, sypal dogurýarsyňyz; demiňiz sizi ýalmaýan otdur.
12 Halklar ýanyp, kül bolarlar, kesilip, oda ýakylan tikenler dek bolarlar».
13 Eý, uzakdakylar, edenlerimi eşidiň, eý, ýakyndakylar, gudratymy biliň!
14 Siýondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?».
15 Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler, elini para almakdan saklaýanlar, gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar, ýamanlyga gözlerini ýumýanlar
16 belentliklerde ýaşarlar. Gaýalardaky galalar penalary bolar, çörekleri berler, teşne galdyrylmazlar. Ajaýyp patyşanyň ýurdy
17 Gözüňiz patyşany gözelliginde görer, uzaklara uzaýan ýurdy görer.
18 Pikiriňde öňki howply günler barada oýlanarsyň: «Salgyt toplan nirede? Paç ýygnan nirede? Diňleri sanan nirede?»
19 Mundan beýläk wyjyrdaşýan, ýat dilde gepleýän tekepbir halky görmersiňiz.
20 Baýramlar geçirilýän Siýon şäherine seret! Gözleriňiz asuda mekan, sarsmaz çadyr bolan Iýerusalimi görer, onuň gazyklary sogrulmaz asla, ýüpleriniň hiç biri üzülmez.
21 Giň derýalardyr çeşmeleriň bolan ýerinde, şöhratly Reb biz bilen bolar, olardan ne kürekli gämiler, ne-de uly gämiler geçer.
22 Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.
23 Gämileriňiň ýüpleri çözüldi, bogaldagy gaýym saklap bilmeýär, ýelkeni açyp bilmedi. Şonda köp oljalar paýlaşylar; hatda agsaklar-da, olja talaň salar.
24 Siýon ilatynyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez; ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler.