2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 25

Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin daş-töwereginde ýapgyt gurdylar.
2 Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy.
3 Dördünji aýyň dokuzynjy gününde şäherde açlyk artyp, ýurduň ilaty iýmäge çöregem tapmady.
4 Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler.
5 Emma babyllaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler.
6 Onsoň babyllar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy.
7 Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler.
8 Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onunjy güni şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.
9 Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.
10 Babyllaryň janpenalaryň baştutany bilen gelen bütin goşuny Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryny ýykdy.
11 Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we beýleki galan ilaty ýesir edip äkitdi.
12 Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.
13 Babyllar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler.
14 Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, kül atarlary, ätişgirleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki ähli bürünç gap-gaçlary Babyla alyp gitdiler.
15 Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da maňňallary we legenleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.
16 Süleýmanyň Rebbiň öýi üçin eden iki sütüniniň, bir howzunyň, arabalarynyň we ähli gap-gaçlaryň bürünjiniň agramy çäksizdi.
17 Bir sütüniň beýikliginiň özi on sekiz tirsekdi. Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi üç tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy.
18 Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi.
19 Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, patyşanyň şäherden tapylan bäş sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerde mürzäni we ýurduň ilatynyň şäherden tapylan altmyş baştutanyny hemmeler bilen alyp gitdi.
20 Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasyna, Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi.
21 Babyl patyşasy Ribla galasynda olaryň baryny öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidildi.
22 Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahudada galdyran halkynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkimlige belledi.
23 Indi bütin goşunbaşylar we olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi barada eşidenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we bir magakatlynyň ogly Ýazanýa dagylar öz goşunlary bilen Mispa Gedalýanyň ýanyna geldiler.
24 Gedalýa olara we olaryň goşunyna ýüzlenip, ant içip: «Babyllaryň hökümdarlaryndan gorkmaň. Ýurtda mesgen tutup, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda size oňat bolar» diýdi.
25 Emma ýedinji aýda patyşa neslinden bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Gedalýanyň ýanyna geldi we olar ony öldürdiler. Şeýle hem olar Mispada, Gedalýanyň ýanynda bolan ýewreýleri we babyllylary-de öldürdiler.
26 Onsoň adamlaryň uludan-kiçä bary we goşunbaşylar Müsüre tarap ýola düşdüler, çünki olar babyllardan gorkýardylar.
27 Ýahuda patyşasy Ýehoýakiniň ýesirliginiň otuz ýedinji ýylynyň on ikinji aýynyň ýigrimi ýedisine Ewilmerodak Babyla patyşa bolup, Ýahuda patyşasy Ýehoýakini ýesirlikden boşatdy.
28 Ol Ýehoýakin bilen mähirli bolup, tagtyny özi bilen Babyla sürgün edilen başga patyşalaryň tagtlaryndan ýokarda goýdy.
29 Şeýdip, Ýehoýakin özüniň ýesirlikdäki eşiklerini çalşyrdy. Ol bütin ömrüne patyşanyň saçagyndan naharlandy.
30 Onuň gündelik eklenji ömrüniň ahyryna çenli hemişe patyşa tarapyndan berlerdi.