2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 17

Ýahuda patyşasy Ahazyň şalygynyň on ikinji ýylynda Elanyň ogly Hoşeýa Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada dokuz ýyl patyşalyk etdi.
2 Hoşeýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, ýöne ol özünden ozalky Ysraýyl patyşalary ýaly däldi.
3 Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi.
4 Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup zyndana saldy.
5 Soňra Aşur patyşasy tutuş ýurdy eýeläp, Samarýa bardy we üç ýyllap onuň daşyny gabady.
6 Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samarýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Midiýa galalarynda ýerleşdirdi.
7 Bu ysraýyl halkynyň özüni Müsür patyşasy fyrownyň golastyndan azat edip, Müsürden çykaran Hudaýy Rebbiň garşysyna günä edendigi we başga hudaýlara sežde edendigi üçin şeýle boldy.
8 Olar öz ýurtlaryndan Rebbiň kowup çykaran milletleriniň adatlaryna we Ysraýyl patyşalarynyň çykaran adatlaryna eýerdiler.
9 Ysraýyl halky gizlinlikde Hudaýy Rebbiň garşysyna pis işleri etdi. Olar hemme ýerde – iň kiçi obadan tä uly gala çenli ähli ýerde sežde edilýän ýerleri gurdy.
10 Olar her bir baýyrda, her bir kölegeli agajyň astynda özleri üçin sütünler we keramatly Aşera butlaryny dikdiler.
11 Olar şol sežde edilýän ýerlerde Rebbiň öz ýurtlaryndan kowup çykaran milletleriniň edişi ýaly sadakalar berdiler. Olar pis işleri edip, Rebbiň gaharyny getirdiler.
12 Olar Rebbiň: «Siz butlara sežde etmäň» diýip aýdan sözüne gulak asman, butlara sežde etdiler.
13 Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».
14 Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.
15 Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.
16 Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.
17 Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.
18 Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady.
19 Ýahuda halky hem öz Hudaýy Rebbiň tabşyryklaryny berjaý etmedi, ol-da ysraýyllaryň adatlaryna eýerdi.
20 Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.
21 Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi.
22 Ysraýyl halky Ýarobgamyň eden günälerini gaýtalady.
23 Rebbiň Öz gullary pygamberler arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyl halkyny huzuryndan ýok edýänçä, olar günä etmekden el çekmediler. Şeýdip, olar öz ýurtlaryndan Aşura sürgün edildiler we olar tä şu güne çenli hem şol ýerdedirler.
24 Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samarýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samarýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular.
25 Bu dürli milletleriň halklary Samarýada ilki ornaşan wagtlarynda Rebbe ybadat etmediler. Şonuň üçin hem Reb olaryň arasyna ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar olaryň birnäçesini öldürdiler.
26 Onsoň Aşur patyşasyna şeýle habar berildi: «Seniň ýesir edip, Samarýa şäherlerinde ýerleşdiren milletleriň Ysraýyl Hudaýynyň adatlaryny bilmeýärler. Şonuň üçin hem bu ýurduň Hudaýy olaryň üstüne ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar-da olary öldürýärler».
27 Onsoň Aşur patyşasy şeýle tabşyryk berdi: «Samarýadan sürgün edilip getirilen ruhanylaryň birini boşadyp, yzyna iberiň. Goý, ol ruhany gidip, Samarýada ýaşasyn hem-de şol ýerde ýaşaýan milletlere ýurduň Hudaýynyň hökümlerini öwretsin».
28 Şeýdip, Aşur patyşasynyň Samarýadan sürgün edilip getirilen ruhanylaryndan biri Samarýa gelip, Beýtelde ýaşady we Samarýada ýaşaýan milletlere Rebbe nädip ybadat etmelidigini öwretdi.
29 Emma muňa garamazdan, her millet öz hudaýlaryny ýasap, olaryň hersi öz ýaşaýan galalarynda samarýalylaryň diken sežde edilýän ýerlerinde goýdy.
30 Babyllylar Sukotbenot butuny, kutlylar Nergal butuny, hamatlylar Aşyma butuny, awalylar Nibhaz we Tartag butlaryny ýasadylar.
31 Separwaýymlylar Adrammelek we Anammelek butlary üçin çagalaryny ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlediler.
32 Olar sežde edilýän ýerlerde özleri üçin gurbanlyk hödürlär ýaly, öz aralaryndaky dürli milletlerden bolan ruhanylary bellediler, şeýle hem olar Rebbe ybadat etdiler.
33 Şeýdip, olar hem Rebbe, hem aralaryndan sürgün edilen milletleriniň adatlaryna görä öz hudaýlaryna sežde etdiler.
34 Olar şu güne çenli hem özleriniň ozalky adatlaryna eýerip, Rebbe ybadat etmeýärler. Rebbiň Ysraýyl diýip atlandyran Ýakubyň nesillerine beren tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny berjaý etmeýärler.
35 Reb Ýakubyň nesilleri bilen äht edip, olara şeýle tabşyryk beripdi: «Siz keseki hudaýlara sežde etmäň, olaryň öňünde dyza çöküp, olara gullugam etmäň, gurbanlygam bermäň.
36 Sizi beýik gudrat we güýç bilen Müsür ýurdundan çykaran Rebbe ybadat ediň, Onuň öňünde dyza çöküp, Oňa gurbanlyk beriň.
37 Rebbiň siziň üçin ýazan tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny seresaplyk bilen berjaý ediň. Siz keseki hudaýlara sežde etmäň.
38 Meniň siziň bilen eden ähtimi unutmaň we keseki hudaýlara sežde etmäň.
39 Siz diňe Hudaýyňyz Rebbe ybadat ediň. Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden gutarar».
40 Emma olar Rebbiň sözüne gulak asman, özleriniň ozalky adatlaryna eýerdiler.
41 Şeýdip, bu milletler hem Rebbe, hem öz oýulyp ýasalan butlaryna sežde etdiler. Ata-babalary näme eden bolsalar, ogullary-da, nesilleri-de tä şu güne çenli şolaryň edenlerini gaýtalap gelýärler.