Bap 3
Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Ahabyň ogly Ýoram Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samarýada on iki ýyl patyşalyk etdi.
2 Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Emma ol kakasy, ejesi ýaly däldi, çünki ol kakasynyň Bagala diken sütünini aýyrdy.
3 Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.
4 Mowap patyşasy Meşanyň goýunlary san-sajaksyzdy. Ol Ysraýyl patyşasyna ýüz müň guzy bilen ýüz müň goçuň ýüňüni ibermelidi.
5 Ahap ölenden soň Mowap patyşasy Ysraýyl patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy.
6 Onsoň Ýoram dessine Samarýadan gidip, bütin ysraýyl halkyny ýygnady.
7 Ýoram Ýahuda patyşasy Ýehoşapata habar ýollap, ondan: «Mowap patyşasy maňa garşy uruş turuzdy. Sen meniň bilen Mowabyň garşysyna urşa gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Menem, esgerlerimem, atly goşunymam seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.
8 Onsoň Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ýoramdan: «Haýsy tarapdan hüjüm edeli?» diýip sorady. Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Edom çölüniň ýoly bilen hüjüm ederis» diýip jogap berdi.
9 Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda we Edom patyşalary bile ýola düşdüler. Olar ýedi günlük aýlawly ýoly geçenlerinden soň, pyýada goşun we olaryň ýanyndaky mallar üçin hiç hili suwlary galmady.
10 Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Wah, Reb bizi–üç patyşany Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.
11 Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapatyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi.
12 Ýehoşapat: «Onda Rebbiň sözi bar» diýdi. Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda hem-de Edom patyşalary bile tirkeşip, Elýaşanyň ýanyna gitdiler.
13 Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi–üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.
14 Elýaşa Ysraýyl patyşasyna şeýle diýdi: «Hyzmat edýän Hökmürowan Rebbimiň adyndan ant içýärin, men Ýahuda patyşasyna sarpa goýýanlygym üçin seniň bilen gepleşýärin, ýogsam men seniň ýüzüňe-de seretmezdim.
15 Indi maňa bir sazanda getiriň». Sazanda saz çalyp otyrka, Elýaşanyň kalbyna Rebbiň güýji geldi.
16 Elýaşa şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Şu gury jar hendeklerden dolar.
17 Siz hiç hili ýel, ýagyş görmeseňiz-de, bu jar suwdan dolup, ähliňiz mal-garalaryňyz bilen bile şol suwdan içersiňiz“.
18 Bu zatlar Reb üçin gaty aňsatdyr. Ol Mowaby-da siziň eliňize berer.
19 Siz mowaplylaryň ähli galalaryny, saýlama galalaryny basyp alyp, ähli miweli agaçlaryny çaparsyňyz, olaryň ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşlardan dolduryp weýran edersiňiz».
20 Ertesi gün gala gurbanlygyň berilmeli wagty, birdenkä Edom tarapdan suw akyp başlap, ol ýer tutuşlygyna suwdan doldy.
21 Üç patyşanyň özlerine garşy uruşmaga çykanyny eşiden mowaplylar eli ýarag tutany ýaşlardan başlap, tä iň garrylaryna çenli baryny ýygnap, olary serhetde nyzama duruzdylar.
22 Mowaplylar ertesi ir bilen turanlarynda, Gün suwuň ýüzüne şöhle saçýardy. Olar garşylaryndaky suwuň gan ýaly gyzyldygyny gördüler.
23 Olar: «Bu gandyr. Patyşalar öz aralarynda urşup, biri-birlerini öldürendirler. Eý, mowaplylar, geliň, olaryň oljasyny talalyň!» diýip gygyryşdylar.
24 Mowaplylar ysraýyllaryň düşelgesine gelende, ysraýyllar aýaga galyp, olaryň garşysyna hüjüme geçdiler. Ysraýyllar mowaplylary yzyna kowup çykardylar. Olar Mowaba çozup girip, urşy ol ýerde hem dowam etdirdiler.
25 Ysraýyllar bütin Mowabyň galalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşdan dolduryp weýran etdiler, ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli miweli agaçlaryny çapdylar. Diňe Mowabyň paýtagty Kirheresetiň kerpiç diwarlary ýykylman galdy, ýöne sapanly esgerler ony hem gabap, galanyň üstüne hüjüm etdiler.
26 Mowap patyşasy duşmanlarynyň özünden üstün çykyp barýanyny görende, ýanyna ýedi ýüz sany gylyçly esger alyp, Edom patyşasynyň goşunlarynyň içinden böwsüp geçmekçi boldy, emma bu başa barmady.
27 Onsoň Mowap patyşasy öz ornuna patyşa boljak nobahar ogluny galanyň diwarynda ýakma gurbanlygy hökmünde hödürledi. Ysraýyla garşy gahar-gazap möwjedi. Şonuň üçin hem ysraýyllar Mowapdaky söweşi bes edip, öz ýurtlaryna dolandylar.