2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 4

Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.
2 Elýaşa ondan: «Saňa nähili kömek edip bilerin? Maňa aýt, öýüňizde näme bar?» diýip sorady. Ol aýal: «Seniň gyrnagyňyň öýünde bir golça ýagyndan başga zady ýok» diýip jogap berdi.
3 Elýaşa şeýle diýdi: «Bar, daşary çyk-da, ähli goňşularyňdan boş gap dile, näçe köp ýygnap bilseň, şonça-da gowy.
4 Onsoň ogullaryň bilen bile içeri girip, gapyny ýap-da, ýygnan gaplaryňa ýag guýup başla, dolanlaryny bir gapdala aýyr-da goýyber».
5 Ol aýal Elýaşanyň ýanyndan gaýtdy. Ol öýüne geldi-de, gapyny içinden ýapdy. Ogullary gaplary oňa getirip berýärdiler, ol doldurýardy.
6 Gaplar dolanda, aýal ogluna: «Maňa ýene bir gap getirip ber» diýýär. Ogly oňa: «Başga gap ýok» diýip jogap berýär. Şondan soň ýag gelmesi kesilýär.
7 Ol aýal Hudaýyň adamynyň ýanyna gelip, oňa bar bolan zady gürrüň berdi. Elýaşa: «Bar ýaglary sat-da, karzyňy üz, galany hem ogullaryň bilen güzeran aýlamagyňyza ýeter» diýdi.
8 Günleriň birinde Elýaşa Şunemiň üstünden geçip barýardy. Ol ýerde bir gurply aýal onuň çörege gelmegini haýyş etdi. Şeýdip, Elýaşa her sapar şol ýerden geçende, şol aýalyň öýüne çörege barardy.
9 Ol aýal adamsyna şeýle diýdi: «Hemişe ýanymyzdan geçýän bu adamyň Hudaýyň mukaddes adamydygyna göz ýetirdim.
10 Gel, oňa üçekde bir kiçijik otag salyp, onuň üçin ýorgan-düşek, saçak, oturgyç we çyra goýaly. Onsoň ol her sapar bize gelende, şol ýerde bolup biler».
11 Bir gün Elýaşa olara geldi we ýaňky kiçijik otaga çykyp, şol ýerde ýatdy.
12 Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy.
13 Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Aýaldan: „Sen biziň üçin şunça zähmet çekipsiň. Saňa nähili kömek edip bileris? Seniň adyňdan patyşa ýa-da serkerde bilen gepleşeýinmi?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Men öz halkymyň arasynda ýaşaýaryn» diýip jogap berdi.
14 Elýaşa hyzmatkärinden: «Men onuň üçin başga näme edip bilerin?» diýip sorady. Geýhazy oňa: «Dogrudanam, onuň ogly ýok, äri hem garry» diýip jogap berdi.
15 Elýaşa: «Aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy, aýal gelip, gapynyň agzynda durdy.
16 Elýaşa aýala ýüzlenip: «Ýene bir ýyldan, edil şu wagt gujagyňda ogluň bolar» diýdi. Aýal: «Ýok, jenabym, eý, Hudaýyň adamy, gyrnagyňy aldama» diýdi.
17 Emma ol aýal hamyla bolup, Elýaşanyň oňa aýdyşy ýaly bir ýyldan soň, edil şol wagtda bir ogul dogurdy.
18 Oglan ulalyp, günleriň birinde orakçylaryň arasyndaky kakasynyň ýanyna gidýär.
19 Ol kakasyna: «Waý, kelläm, kelläm!» diýip gygyrýar. Kakasy hyzmatkärine: «Ony ejesiniň ýanyna äkit» diýýär.
20 Hyzmatkär ony göterip, ejesiniň ýanyna getirýär. Çaga günortana çenli ejesiniň dyzynda oturyp, onsoň ölýär.
21 Ejesi ony göterip, ýokary çykaryp, Hudaýyň adamynyň düşeginde ýatyrýar. Onsoň ol gapyny ýapýar-da, çykyp gidýär.
22 Aýal adamsyny çagyryp: «Gaýrat edip, hyzmatkärleriň biri bilen eşekleriň birini meniň ýanyma iber. Men tiz Ejesi ony göterip, ýokary çykaryp, Hudaýyň adamynyň ýanyna gidip geleýin» diýdi.
23 Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Tapawudy ýok» diýip jogap berdi.
24 Aýal eşegi gaňňalap, hyzmatkärine: «Ýör, sür gaty, özüm aýdýançam eşegi haýallatma» diýdi.
25 Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär!
26 Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi.
27 Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.
28 Onsoň aýal oňa: «Jenabym, men senden ogul diledimmi näme? Men saňa meni aldama diýmedimmi näme?» diýdi.
29 Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý».
30 Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi.
31 Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsiz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi.
32 Elýaşa öýe girende, düşeginde ýatan öli çagany gördi.
33 Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg edýär.
34 Onsoň ol düşege, çaganyň ýatan ýerine gelip, agzyny onuň agzyna, gözlerini onuň gözlerine, ellerini onuň ellerine goýup, çaganyň üstüne ýazylyp ýatýar. Şondan soň çaganyň endamyna ýylylyk aralaşýar.
35 Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeleýär. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatýar. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açýar.
36 Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýýär. Geýhazy ony çagyrýar. Aýal Elýaşanyň ýanyna gelýär. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýýär.
37 Ol aýal gelip, tagzym edip, Elýaşanyň aýagyna ýykylýar. Onsoň ol ogluny alyp, çykyp gaýdýar.
38 Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.
39 Pygamberleriň biri ot ýygmak üçin çöle gitdi. Ol ýabany üzüm agajyny tapdy. Ol şol agajyň miwesinden donuny dolduryp ýygdy. Ol ýabany miweleriň nämedigini bilmese-de, olary dograp, gazandaky çorbanyň içine atdy.
40 Çorbadan adamlara guýup berdiler. Adamlar çorbany dadyp görüp: «Eý, Hudaýyň adamy, gazandaky çorbadan iýsek öleris» diýip gygyryşdylar. Adamlar ony iýip bilmediler.
41 Elýaşa: «Maňa un getirip beriň» diýdi. Onsoň ol uny gazana atyp: «Adamlara çorba guýup ber, goý, olar iýsinler» diýdi. Şondan soň gazandaky çorbanyň zäheri aýryldy.
42 Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.
43 Emma hyzmatkäri oňa: «Bujagazy men ýüz adamyň öňünde nädip goýaýyn?» diýdi. Emma Elýaşa ýene-de gaýtalap: «Muny halka ber, goý, adamlar iýsinler, çünki Reb şeýle diýýär: „Hemmeler iýip doýarlar we nahar artyp hem galar“» diýdi.
44 Şeýdip, hyzmatkär barja zatlary adamlaryň öňünde goýdy. Olar nahardan iýip doýdular we Rebbiň aýdyşy ýaly nahar artyp hem galdy.