Bap 9
Elýaşa pygamberler toparyndan bolan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git.
2 Ol ýere baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehuwy gözläp tap. Onuň ýanyna bar-da, ony ýoldaşlarynyň arasyndan alyp, içki otaga äkit.
3 Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diýi: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».
4 Şeýdip, ýaňky ýaş pygamber Ramotgilgada gitdi.
5 Ýaş pygamber Ramotgilgada gelende, bu ýerde goşun serkerdeleri geňeş edip oturan ekenler. Ýaňky ýaş pygamber olaryň birine: «Eý, serkerde, men saňa bir habar getirdim» diýdi. Ýehu: «Haýsymyz üçin?» diýip sorady. Ýaş pygamber hem: «Seniň üçin serkerde» diýip jogap berdi.
6 Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.
7 Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn.
8 Çünki Ahabyň maşgalasynyň ýekejesi-de diri galmaz. Men Ysraýylda isle gul bolsun, isle azat – Ahapdan bolan ähli erkekleriň baryny gyraryn.
9 Men Ahabyň maşgalasyny Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin.
10 Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer, ony hiç kim jaýlamaz“». Onsoň ýaş pygamber şeýle diýdi-de, dessine öýden çykyp gaçdy.
11 Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.
12 Olar: «Ýok, bu ýalan. Bize hakykaty aýt» diýdiler. Onsoň Ýehu: «Onuň maňa bar diýen zady Reb şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa etmek üçin başyňa ýag çalyp saýlaýaryn“» diýdi.
13 Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.
14 Şeýlelik bilen Nimşiniň agtygy, Ýehoşapatyň ogly Ýehu Ysraýyl patyşasy Ýorama garşy dildüwşük gurady. Şol wagt Ýoram bütin ysraýyl halky bilen birlikde Ramotgilgady Aram patyşasy Hazaýylyň hüjüminden goraýardy.
15 Emma Ýoram patyşa Ramotgilgatdaky Aram patyşasy Hazaýyla garşy uruşda aramlylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp gelipdi. Şeýdip, Ýehu öz kärdeş goşun serkerdelerine: «Eger meniň bilen ylalaşsaňyz, Ýizregeldäki Ýorama habar ýetirilmez ýaly, ýekeje adamy-da Ramot galasyndan çykarmaň» diýdi.
16 Ýehu şeýle diýdi-de, özüniň söweş arabasyna münüp, Ýizregele gitdi, çünki Ýoram şol ýerde ýaralanyp ýatyrdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýoramy görmek üçin Ýizregele gelipdi.
17 Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi.
18 Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi.
19 Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi.
20 Garawul ýene-de: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok. Gelýaniň at çapdyryşy-a Nimşiniň agtygy Ýehuwyň at çapdyryşyna meňzeýär, çünki Ýehu aty aýagaldygyna çapdyrýandyr» diýip habar berdi.
21 Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar.
22 Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehuw, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun» diýip jogap berdi.
23 Onsoň Ýoram Ahazýa: «Bu haýynlykdyr, Ahazýa!» diýip gygyryp, at arabasyny yzyna öwürdi-de gaçdy.
24 Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz arabasyna ýykyldy.
25 Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal:
26 „Düýn Men Nabodyň gany bilen onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Seniň Menden almytyňy edil şu mellekde aljakdygyňa ant içýärin“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla».
27 Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi.
28 Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.
29 Ahabyň ogly Ýoramyň patyşalygynyň on birinji ýylynda Ahazýa Ýahuda patyşa bolupdy.
30 Ýehu Ýizregele gelende, muny Izebel eşidip, gözlerine sürme çekdi, saçlaryna timar berip, penjireden daşa seredip durdy.
31 Ýehu derwezeden girende, Izebel: «Eý, sen, jenabyny öldüren Zimri ýaly eýgilige geldiňmi?» diýip sorady.
32 Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi.
33 Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçraýar. Atlar onuň jesedini basgyladylar.
34 Onsoň Ýehu içeri girip, iýip-içip: «Bu näletlenen aýalyň ugruna çykyp, ony jaýlaň, çünki ol patyşanyň gyzydyr» diýdi.
35 Olar ony jaýlamaga gidenlerinde, onuň diňe kelle süňkünden, aýaklaryndan, eliniň penjelerinden başga hiç zat tapmadylar.
36 Olar yzlaryna gelip, gören zatlaryny Ýehuwa gürrüň berdiler. Ýehu hem: «Ine, Rebbiň guly tişbeli Ylýas arkaly aýdan sözi şudur: „Izebeliň maslygyny Ýizregelde itler iýer.
37 Izebeliň jesedi Ýizregelde ekin meýdanlaryna ders bolar. Şonuň üçin hem hiç kim ony ‘Bu Izebeldir’ diýip tanap bilmez“» diýdi.