2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 13

Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ogly Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda Ýehuwyň ogly Ýehogahaz Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada on ýedi ýyl şalyk sürdi.
2 Ýehogahaz Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günäli ýollaryndan ýöräp, günä etmekden el çekmedi.
3 Reb Ysraýyla garşy gahary geldi. Ol ysraýyllary gaýta-gaýta Aram patyşasy Hazaýylyň we Hazaýylyň ogly Benhadatyň eline berdi.
4 Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Aram patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi.
5 Şonuň üçin hem Reb Ysraýyla bir halasgär berdi. Şondan soň olar Aramyň golastyndan çykdylar. Şeýdip, ysraýyl halky öňküsi ýaly öz öýünde asudalykda ýaşady.
6 Muňa garamazdan ysraýyl halky Ýarobgamyň nesilleriniň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam halk günä gazanmagyny dowam etdirdi. Aşera buty hem Samarýada galdy.
7 Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli atly goşunyndan, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Aram patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi.
8 Ýehogahazyň beýleki işleri, ähli eden işleri we edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
9 Şeýdip, Ýehogahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samarýada atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýowaş patyşa boldy.
10 Ýahuda patyşasy Ýowaşyň şalygynyň otuz ýedinji ýylynda Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada on alty ýyl şalyk sürdi.
11 Ýehowaş Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam ony dowam etdirdi.
12 Ýowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri, Ýahuda patyşasy Amazýa garşy eden uruşlarynda görkezen edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
13 Şeýdip, Ýowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samarýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam tagta çykdy.
14 Elýaşa agyr kesselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursaty golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen atlylary!» diýip, sesli aglady.
15 Elýaşa Ýehowaşa: «Ýaýy hem oklary al» diýdi. Ýehowaş ýaý bilen oklary aldy.
16 Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Ýaýy çek» diýdi. Ýehowaş onuň aýdyşy ýaly ýaýy çekdi. Elýaşa ellerini patyşanyň elleriniň üstünde goýdy.
17 Soňra ol Ýehowaşa: «Gündogar tarapdaky penjiräni aç» diýdi. Ýehowaş ol penjiräni açdy. Elýaşa Ýehowaşa: «At» diýdi. Ýehowaş atdy. Onsoň Elýaşa Ýehowaşa ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu Rebbiň ýeňiş okudyr, Aramyň üstünden gazanylan ýeňiş okudyr! Sen Apekde aramlylara garşy urşup, olary iň soňkusyna çenli gyryp ýok etmelisiň».
18 Elýaşa dowam edip, Ýehowaşa: «Oklary al» diýdi. Ol hem oklary aldy. Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Oklary ýere ur» diýdi. Ýehowaş hem oklary ýere üç gezek urdy-da saklandy.
19 Onsoň Hudaýyň adamynyň oňa gahary gelip: «Sen bäş ýa-da alty gezek urmalydyň, şonda aramlylary soňuna çenli gyrardyň. Indi sen Aramy diňe üç gezek ýeňersiň» diýdi.
20 Şeýdip, Elýaşa dünýäden ötdi we ony jaýladylar. Mowaplylaryň leşgerleri her baharda Ysraýyl topragyna çozup girerdiler.
21 Bir sapar ysraýyllar ölüsini jaýlap durkalar, leşgerleriň gelýänini görüp, ýaňky ölüni Elýaşanyň gabryna taşladylar-da gaçdylar. Ol öli adam Elýaşanyň süňklerine galtaşan badyna direlip, aýaga galdy.
22 Aram patyşasy Hazaýyl Ýehogahazyň bütin ömrüne Ysraýyla sütem edip gelipdi.
23 Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.
24 Aram patyşasy Hazaýyl dünýäden ötdi we onuň ýerine ogly Benhadat patyşa boldy.
25 Ýehogahazyň ogly Ýowaş Hazaýylyň ogly Benhadada garşy urşup, onuň kakasy Ýehogahaza garşy urşup alan galalarynyň baryny Benhadadyň elinden aldy. Ýehowaş Benhadady üç gezek ýeňlişe sezewar edip, Ysraýylyň galalaryny yzyna gaýtaryp aldy.