2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 23

Onsoň Ýoşyýa patyşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny çagyrdyp, öz ýanyna toplady.
2 Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi.
3 Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Reb huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady.
4 Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine bagyşlanyp edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron çaýynda ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.
5 Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki sežde edilýän ýerlerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen but ruhanylaryny, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy.
6 Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron çaýyna çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi.
7 Ýoşyýa Rebbiň öýünde bolan azgyn erkekleriň öýlerini-de ýykdy. Ol ýerde aýallar Aşera üçin dokma işlerini edýärdiler.
8 Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan sežde edilýän ýerlerini haram etdi. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki sežde edilýän ýerleri ýok etdi.
9 Sežde edilýän ýerleriň ruhanylaryna Rebbiň Iýerusalimdäki gurbanlyk sypasynda Rebbe gulluk etmäge rugsat edilmese-de, olar beýleki ruhanylaryň ülüşinden petir iýip bilýärdiler.
10 Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.
11 Patyşa Rebbiň öýüniň girelgesindäki agta Natanmelegiň howlusynyň ýanyndaky Ýahuda patyşalary tarapyndan Güne çokunmaga bagyşlanan atlary aýyrdy we Güne sežde etmek üçin ulanylýan arabalary ýakdy.
12 Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşeniň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron çaýyna taşlady.
13 Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Iýerusalimiň gündogaryndaky Heläk dagynyň günortasynda, sidonlylaryň ýigrenji hudaýy Aştoret üçin, Mowabyň ýigrenji buty Kemoş üçin, ammonlaryň ýigrenji buty Milkom üçin guran sežde edilýän ýerlerini patyşa haramlady.
14 Ýoşyýa patyşa sütünleri kül-peýekun edip, keramatly Aşera butlaryny kesip, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy.
15 Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň guran Beýteldäki gurbanlyk sypasyny sežde edilýän ýer bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa sežde edilýän ýeri kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.
16 Ýoşyýa töweregine seredende, şol ýerdäki daglykdaky mazarlygy gördi. Onsoň ol şol ýere adam iberip, Rebbiň Hudaýyň adamynyň üsti bilen aýdan sözüne görä süňkleri mazarlardan çykartdy we olary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakyp, gurbanlyk sypasyny haram etdi.
17 Onsoň Ýoşyýa patyşa gala adamlaryndan: «Meniň bu görýän heýkelim näme?» diýip sorady. Olar oňa: «Bu Ýahudadan gelen hem-de seniň Beýteldäki gurbanlyk sypasynyň garşysyna eden işleriň barada pygamberlik eden Hudaýyň adamynyň gabrydyr» diýip jogap berdiler.
18 Ýoşyýa patyşa: «Ony öz gününe goýuň, hiç kim onuň süňklerine el degirmesin» diýip tabşyryk berdi. Şeýdip, adamlar Hudaýyň adamynyň süňkleri bilen Samarýadan gelen pygamberiň süňklerine el degirmediler.
19 Mundan başga-da Ýoşyýa Samarýanyň galalaryndaky ähli sežde edilýän ýerleri ýok etdi. Ol ýerleri Ysraýyl patyşalary gurup, Rebbiň gaharyny getiripdiler. Ýoşyýa Samarýadaky sežde edilýän ýerleri-de, edil Beýteldäki gurbanlyk sypasyny edişi ýaly etdi.
20 Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli sežde edilýän ýerleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi.
21 Patyşa bütin halka tabşyryk berip: «Bu äht kitabynda ýazylyşy ýaly Hudaýyňyz Rebbe bagyşlap, Pesah baýramyny belläň» diýdi.
22 Ysraýyla häkimlik eden häkimleriň döwürlerinden bäri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň bütin ömründe bu Pesah baýramy ýaly baýram hiç haçan bellenilmändi.
23 Emma Ýoşyýa patyşanyň şalygynyň on sekizinji ýylynda bu baýram Iýerusalimde Rebbe bagyşlap bellenildi.
24 Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy.
25 Musanyň kanunyna laýyklykda bütin kalby, bütin jany-teni we bar güýji bilen Ýoşyýa ýaly bolup, Rebbe gulluk eden patyşa ondan ozal bolmandy we ondan soň hem hiç kim onuň ýaly bolmady.
26 Manaşeniň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy.
27 Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin».
28 Ýoşyýanyň patyşalygy baradaky başga wakalar we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
29 Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsür patyşasy fyrown Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Perat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma fyrown Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi.
30 Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag çalyp, kakasynyň ýerine patyşa goýdular.
31 Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.
32 Ýehowahaz ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
33 Fyrown Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehowahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman kümüş we iki batmana golaý hem altyn salgyt saldy.
34 Fyrown Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehowahaz şol ýerde öldi.
35 Ýehoýakym fyrowna kümüş bilen altyn berdi. Ol fyrown Nekonyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin ýurda salgyt salyp, ýahuda halkynyň her birinden baýlygyna garap, altyn we kümüş aldy.
36 Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy.
37 Ýehoýakym edil ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.