Bap 7
Elýaşa şeýle jogap berdi: «Rebbiň sözüni eşit. Ol şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samarýanyň derwezesiniň agzynda bir kersen saýlama un adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe, iki okara arpa-da adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe satylar“».
2 Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.
3 Samarýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokançly deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?
4 Gala gireli diýsek, galada elhenç açlyk höküm sürýär, biz ol ýerde öleris. Emma biz bu ýerde otursagam öleris. Gel, indi aramlylaryň düşelgesine gaçyp gideli. Eger olar bizi diri galdyrsalar-a, ýaşarys, öldürseler-de öleris».
5 Şeýdip, olar aramlylaryň düşelgesine gitmek üçin alagaraňkyda turup, olaryň düşelgesiniň gyrasyndan bardylar. Ol ýerde hiç kim ýokdy.
6 Çünki Taňry Aram goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler.
7 Şeýdip, aramlylar gorkup, çadyrlaryny, atlarydyr eşeklerini we düşelgedäki bar zatlaryny şol durşuna taşlap, öz janlaryny halas etmek üçin alagaraňkyda yzlaryna gaçyp gidipdiler.
8 Bu ýokançly deri keselli adamlar düşelgäniň gyrasyna gelip, bir çadyra girip iýip-içdiler. Onsoň ol ýerden kümüş, altyn, egin-eşik äkidip, olary gizlediler. Soňra olar ýene-de yzlaryna öwrülip gelip, başga bir çadyra girdiler. Ol ýerdäki bar bolan zatlary äkidip, olary-da gizlediler.
9 Onsoň olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Biziň bu edişimiz dogry däl. Bu gün hoş habar günüdir. Eger biz dymyp, ertir daň atara garaşsak, biziň başymyza bela geler. Şonuň üçin hem ýörüň, gideliň-de, patyşanyň köşgündäkileriň baryna habar bereliň».
10 Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz aramlylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler.
11 Ondan soň derwezebanlar gygyryp, patyşanyň köşgündäkilere jar etdiler.
12 Patyşa gije turup, hyzmatkärlerine şeýle diýdi: «Aramlylaryň bize näme etjek bolýandyklaryny men size aýdyp bereýin. Olar biziň açlykdan ýaňa ölüp barýanymyzy bilip, çölde gizlenmek üçin düşelgäni taşlap giden bolmalydyrlar. Aramlylar: „Ysraýyllar şäherden çykanlarynda, biz olary diri tutarys-da, şähere gireris“ diýen pikirdedirler».
13 Patyşanyň hyzmatkärleriniň biri: «Goý, birnäçe adam şäherde galan bäş aty alsyn-da, gidip, aramlylaryň düşelgesini barlap gelsin. Çünki şäherde galanlaryň ykbaly-da edil öňki ölen ysraýyllaryňky ýaly bolar» diýdi.
14 Şeýdip, olar iki adamy saýladylar, patyşa olary iki sany at we iki sany söweş arabasy bilen Aram goşunynyň yzyndan iberdi. Patyşa olara: «Gidiň-de, bar zady anyklaň» diýip buýruk berdi.
15 Şeýdip, olar aramlylaryň yzyndan Iordan derýasyna çenli gitdiler. Ýol boýy olaryň howlugyp, taşlap giden egin-eşiklerinden we beýleki goş-golamlaryndan doludy. Onsoň çaparlar yzlaryna dolanyp gelip, muny patyşa habar berdiler.
16 Soň halk gidip, aramlylaryň düşelgesini talady. Şeýdip, Rebbiň aýdyşy ýaly bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe, iki okara arpa-da üç mysgala golaý kümşe çalşyldy.
17 Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi.
18 Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samarýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere:
19 «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermidi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi.
20 Ol nöker babatda hakykatdan hem şeýle boldy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi.