2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 6

Pygamberler topary Elýaşa şeýle diýdiler: «Görşüň ýaly seniň baştutanlygyňda ýaşaýan ýerimiz bize gaty darlyk edýär.
2 Iordan derýasyna gidip, her birimiz ol ýerden pürs ýygnap, şo taýda ýaşarymyz ýaly, jaý gurmaga bize rugsat et». Elýaşa pygamber olara gitmäge rugsat berdi.
3 Onsoň pygamberleriň içinden biri oňa: «Sen hem öz gullaryň bilen gidäý» diýip ýalbardy. Elýaşa hem: «Bolýar» diýip jogap berdi.
4 Şeýdip, Elýaşa pygamber olar bilen gitdi. Olar Iordan derýasyna gelip, agaç çapmaga başladylar.
5 Olardan biri agaç çapyp ýörkä, paltasy uçup gidip, suwa gaçdy. Ol hem bar sesine gygyryp: «Wah, jenabym, ol amanat zatdy» diýdi.
6 Onsoň Hudaýyň adamy: «Ol nirä gaçdy» diýip sorady. Ol Elýaşa pygambere paltanyň gaçan ýerini görkezende, Elýaşa bir çybyk kesip alyp, ony edil paltanyň gaçan ýerine oklap, demir paltany suwuň ýüzüne çykartdy.
7 Elýaşa: «Al ony» diýdi. Ol adam elini uzadyp, paltany aldy.
8 Aram patyşasy Ysraýylyň garşysyna uruşýarka öz nökerleri bilen geňeşip, olara düşelgesiniň nirede boljakdygyny aýtdy.
9 Emma Hudaýyň adamy Ysraýyl patyşasyna şol ýerden geçmän, ägä bolmagyny duýduryp habar ýollady, çünki aramlylar şol ýerde bukuda otyrdylar.
10 Ysraýyl patyşasy Hudaýyň adamynyň duýduran ýerinde ýaşaýan adamlara habar ýollady we olar habardar boldular. Elýaşa şol ýer barada diňe bir-iki gezek däl-de, birnäçe gezek duýduryş berdi.
11 Aram patyşasynyň muňa gaty gahary geldi. Ol öz nökerlerini çagyryp, olardan: «Hany, maňa aýdyň, biziňkilerden kim Ysraýyl patyşasy bilen aragatnaşyk saklaýar» diýip sorady.
12 Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär».
13 Patyşa: «Gidiň-de, ony tapyň. Men adam iberip, ony ele salaryn» diýdi. Patyşa: «Elýaşa Dotanda» diýip habar berildi.
14 Şeýlelik bilen patyşa ol ýere atlar, söweş arabalary bilen uly goşun iberdi. Olar gije gelip, galanyň daşyny gabadylar.
15 Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri irden turup, daşary çykdy. Görse, atlar we söweş arabalary bilen gelen Aram goşuny galanyň daş-töweregini gabapdyr. Hyzmatkäri oňa: «Wah, jenabym, biz indi näme ederis?» diýip gygyrdy.
16 Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi.
17 Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi.
18 Aramlylar Elýaşanyň üstüne hüjüm edenlerinde, ol Rebbe dileg edip: «Bu halkyň gözlerini kör et» diýdi. Reb Elýaşanyň dileg edişi ýaly olaryň gözlerini kör etdi.
19 Elýaşa olara: «Gözleýän adamyňyzy bu ýerden tapyp bilmersiňiz, çünki siz ýalňyşlyk bilen şu ýere gelipsiňiz. Meniň yzyma düşüň, men sizi gözleýän adamyňyzyň ýanyna äkideýin» diýdi. Şeýdip, Elýaşa aramlylary Samarýa getirdi.
20 Olar Samarýa giren batlaryna, Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, bularyň gözlerini aç, goý, olar görsünler» diýdi. Reb olaryň gözlerini açdy. Olar özleriniň Samarýadadygyny gördüler.
21 Ysraýyl patyşasy aramlylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady.
22 Elýaşa şeýle jogap berdi: «Ýok, bulary gyrma! Sen gyrjak bolýan adamlaryňy öz gylyjyň, öz ýaýyň bilen basyp aldyňmy näme? Olaryň öňlerinde iýip-içerleri ýaly çörek we suw goý. Şondan soň olar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitsinler».
23 Şeýdip, patyşa olar üçin gaty köp nahar taýýarlady. Aramlylar iýip-içip bolanlaryndan soňra patyşa olary öz ýollaryna ugratdy. Aramlylar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitdiler. Şondan soň olar uzak wagtlap Ysraýylyň üstüne hüjüm etmediler.
24 Biraz wagt geçenden soň, Aramyň patyşasy Benhadat ähli goşuny toplap, Samarýanyň garşysyna ýörişe çykyp, onuň daşyny gabady.
25 Heniz gabaw dowam edýärkä, Samarýada elhenç açlyk başlandy. Samarýa halky bir eşegiň kellesini segsen kümüş teňňä, bir şakäse kepderi dersini bolsa bäş kümüş teňňä satdy.
26 Ysraýyl patyşasy galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, bir aýal: «Eý, jenap patyşam, kömek et» diýip gygyrdy.
27 Patyşa hem: «Ýok, goý, Reb saňa kömek etsin. Men saňa nähili kömek edeýin? Mende ne bugdaý bar, ne-de çakyr» diýdi.
28 Patyşa ondan: «Näme arz-şikaýatyň bar?» diýip sorady. Aýal şeýle jogap berdi: «Bu aýal maňa: „Sen öz ogluňy ber, biz şu gün ony iýeris, ertir bolsa meniň oglumy iýeris“ diýdi.
29 Şeýdip, biz meniň oglumy bişirip iýdik. Ertesi gün men oňa: „Ogluňy ber, iýeli“ diýdim. Emma ol ogluny gizläpdir».
30 Patyşa bu aýalyň aýdan zatlaryny eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Patyşa galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, halk onuň eşikleriniň astyndan jul geýendigini gördi.
31 Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapatyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.
32 Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady. Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoruň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär».
33 Elýaşa olar bilen gürleşip otyrka, patyşa onuň ýanyna gelip: «Men näme üçin mundan artyk Rebbe bil baglaýyn? Bu betbagtçylygy biziň başymyzdan inderen hut Rebbiň Özüdir!» diýdi.