2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 11

Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa oglunyň öldürilendigini eşiden badyna, Ahazýa patyşanyň tohum-tijiniň baryny öldürtdi.
2 Emma Ýoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy.
3 Ol Ýehoşeba bilen alty ýyllap Rebbiň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk edýärdi.
4 Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany karileriň we köşk garawullarynyň baştutanlaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi.
5 Ýehoýada baştutanlara şeýle buýruk berdi: «Siz şeýle ediň: „Sabat güni nobatçylyga geleniňiziň üçden biri patyşanyň köşgüni garawullasyn.
6 Beýleki üçden biriňiz Sur derwezesini garawullaň. Üçünji bölegiňiz bolsa derwezede beýleki garawullaryň arka tarapynda nobatma-nobat garawulçylyk ediň.
7 Siziň Sabat güni nobatçylykdan boşaýan iki toparyňyz Rebbiň öýüni garawullamalydyr.
8 Ähliňiziň eliňiz ýaragly bolsun, siz patyşanyň daşyny gabarsyňyz. Size ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girse-çyksa ýanynda boluň“».
9 Serkerdeler Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny onuň aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri we nobatçylyk etmedikleri alyp, Ýehoýada ruhanynyň ýanyna geldiler.
10 Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Rebbiň öýündäki naýzalaryny, galkanlaryny serkerdelere berdi.
11 Garawullaryň hersi elleri ýaragly patyşany goramak üçin Rebbiň öýüniň günortadan demirgazyk tarapyna çenli gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde durdular.
12 Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag çalyp, ony patyşalyga bellediler. Garawullar patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
13 Atalýa garawullaryň we adamlaryň sesini eşidip, halkyň ýanyna Rebbiň öýüne geldi.
14 Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.
15 Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi.
16 Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler. Ýehoýada täze dini üýtgeşmeler girizýär
17 Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada Rebbiň, patyşanyň we halkyň arasynda äht etdi. Şeýle hem patyşa bilen halkyň arasynda-da äht etdi.
18 Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Matany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy.
19 Ol ýüzbaşylary, karileri, garawullary, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden garawullaryň derwezesiniň ýoly bilen köşge getirdiler. Ýowaş şa tagtynda oturdy.
20 Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa patyşanyň öýünde gylyç bilen öldürileninden soň, şäherde ümsümlik boldy.
21 Ýehowaş patyşalyk edip başlanda, ýedi ýaşyndady.