1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 1

Adamdan Şis, Şisden Enoş, Enoşdan Keýnan,
2 Keýnandan Mahalalel, Mahalalelden Ýeret,
3 Ýeretden Hanok, Hanokdan Metuşela, Metuşeladan Lemek, Lemekden Nuh doguldy.
4 Nuhuň ogullary: Sam, Ham we Ýafes.
5 Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.
6 Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.
7 Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.
8 Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.
9 Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.
10 Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.
11 Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy;
12 kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.
13 Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy.
14 Kengan ýabuslylaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy.
15
16
17 Şemiň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek.
18 Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy.
19 Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.
20 Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera,
21 Hadoram, Uzal, Dikla,
22 Eýbal, Abymaýyl, Şeba,
23 Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir. Şemden Ybraýyma çenli bolan nesiller
24 Şem, Arpakşat, Şela;
25 Eber, Pelek, Regu;
26 Seruk, Nahor, Tera;
27 Ybram, ýagny Ybraýym.
28 Ybraýymyň ogullary: Yshak, Ysmaýyl.
29 Olaryň nesilleri şulardyr: Ysmaýylyň nowbahar ogly Nebaýot.
30 Soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Tema, Ýetur, Napyş we Kedema doguldy.
31 Bular Ysmaýylyň ogullarydyr.
32 Ybraýymyň Ketura diýen gyrnak aýalyndan bolan ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşanyň ogullary: Şeba we Dedan.
33 Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.
34 Ybraýymdan Yshak doguldy. Yshagyň ogullary: Ysaw we Ysraýyl.
35 Ysawyň ogullary: Elipaz, Regüwel, Ýeguş, Ýaglam we Kora.
36 Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepi, Gatam, Kenaz, Timna we Amalek.
37 Regüweliň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza.
38 Segiriň ogullary: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan.
39 Lotanyň ogullary: Hory we Homam; Timna Lotanyň aýal doganydy.
40 Şobalyň ogullary: Alýan, Manahat, Eýbal, Şepo we Onam. Sibgonyň ogullary: Aýa we Ana.
41 Ananyň ogly: Dişon. Dişonyň ogullary: Hamran, Eşban, Ýytran we Keran.
42 Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan. Dişonyň ogullary: Us we Aran.
43 Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr: Begoryň ogly Bala. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady.
44 Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.
45 Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.
46 Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
47 Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.
48 Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Perat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy.
49 Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.
50 Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Paýdy. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
51 Hadat dünýäden ötdi. Edomyň urugbaşylary şulardy: Timna, Alwa, Ýetet,
52 Oholybama, Ela, Pinon,
53 Kenaz, Teýman, Mibsar,
54 Magdyýel we Iram. Bularyň hemmesi Edomyň urugbaşylarydy.