Bap 4
Ýahudanyň ogullary: Peres, Hesron, Karmy, Hur we Şobal.
2 Şobalyň ogly Reýaýadan Ýahat, Ýahatdan Ahumaý we Lahat doguldy. Bular sorg tiresiniň uruglarydyr.
3 Efratyň nobahar ogly, Beýtullahamy esaslandyran Huruň ogullary şulardy:
4 Etam, Penuwal we Ezer. Etamyň ogullary şulardy: Ýizregel, Ýyşma we Ýydbaş. Olaryň aýal doganynyň ady Haslelponydy. Penuwal Gedory esaslandyrypdy, Ezer Huşany esaslandyrypdy.
5 Tekowanyň kakasy Aşhuryň Hela hem-de Nagara atly iki aýaly bardy.
6 Aşhuryň Nagara diýen aýalyndan Ahuzam, Heper, Temeni we Hahaştary doguldy. Bular Nagaranyň ogullarydy.
7 Helanyň ogullary: Zeret, Izhar, Etnan we Koz. Koz Anubyň we Hasobebabyň kakasydy. Harumyň ogly Aharheliň nesli-de Kozdan gelip çykandyr.
8
9 Ýagbes atly adam bardy; ol doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. «Agyry bilen dogurdym» diýip, ejesi onuň adyna Ýagbes dakdy.
10 Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.
11 Şuhanyň dogany Kelupdan Mehir, Mehirden Eşton doguldy.
12 Eştondan Beýtrapa, Paseýah hem-de Yrnahaş galasyny esaslandyran Tehinna doguldy. Bular Rekanyň ilatydy.
13 Kenazyň ogullary: Otnyýel, Seraýa. Otnyýeliň ogly: Hatat we Megonotaý.
14 Megonotaýdan Opra doguldy. Seraýa Hünärmentler jülgesini döreden Ýowabyň kakasydy. Köp hünärmentleriň ýaşaýandygy üçin bu ýere şeýle at dakyldy.
15 Ýepunnäniň ogly bolan Kalebiň ogullary: Yru, Ela we Nagam. Eladan Kenaz doguldy.
16 Ýehalleleliň ogullary: Zip, Zipa, Tirýa we Asarel.
17 Ezranyň ogullary: Ýeter, Meret, Eper we Ýalon. Merediň müsürli aýalyndan: Merýem, Şammaý we Eştemowa galasyny esaslandyran Ýyşba doguldy.
18 Merediň müsürli aýaly fyrownyň gyzy Bitýady. Onuň ýahudaly aýalyndan Gedory esaslandyran Ýeret, Sokony esaslandyran Heber bilen Zanowany esaslandyran Ýekutyýel doguldy.
19 Hodyýanyň aýaly bolan Nahamyň aýal doganynyň ogullaryndan garmly Kegyla bilen magakatly Eştemowa doguldy.
20 Şimonyň ogullary: Amnon, Rinna, Benhanan we Tilon. Ýişginiň ogullary: Zohet we Benzohet.
21 Ýahudanyň ogly Şelanyň nesilleri şulardyr: Lekany esaslandyran Er, Mareşany esaslandyran Lagda, Beýtaşbeýadaky nepis keteni dokaýanlaryň urugy,
22 Ýokymyň, Kozebanyň adamlary, Ýowaş hem-de Saraf. Olar Mowap bilen Ýaşubleheme häkim boldular. Bular gadymy wakalardyr.
23 Bular Netagymyň hem-de Gederanyň ilatlarydy. Olar patyşa küýzegär bolup hyzmat etdiler.
24 Şimgonyň ogullary: Nemuwal, Ýamyn, Ýaryp, Zera, Şawul.
25 Şawuldan Şallum, Şallumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy.
26 Mişmanyň ogullary: Mişmadan Hammuwal, Hammuwaldan Zakur, Zakurdan Şimgi doguldy.
27 Şimginiň on alty ogly, alty gyzy bardy, ýöne onuň doganlarynyň perzendi köp däldi. Şeýdip, Şimginiň nesilleri Ýahudanyňky ýaly köpelmedi.
28 Olar Beýerşebada, Moladada, Hasarşugalda, Bilhada, Esemde, Tolatda, Betuwalda, Hormada, Siklagda, Beýtmarkabotda, Hasarsusymda, Beýtbirgide we Şagaraýymda ýaşadylar. Ine, şular şimgileriň Dawut patyşa bolmazyndan öňki galalarydy.
29
30
31
32 Olaryň obalary: Etam, Aýyn, Rimmon, Token, Aşan – jemi bäş gala.
33 Bu galalaryň töweregindäki Bagala çenli bolan obalary olaryň mesgen tutan ýerleridir. Olar nesil daragtyny ýazdylar.
34 Olaryň urugbaşylary şulardy: Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşa,
35 Ýowel, Asyýeliň çowlugy Seraýanyň agtygy Ýoşybýanyň ogly Ýehu,
36 Elýogeýnaý, Ýagakoba, Ýeşohaýa, Asaýa, Adyýel, Ýeşimiýel, Benaýa,
37 Şemagýanyň gowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Ýedaýanyň çowlugy, Allonyň agtygy, Şipginiň ogly Ziza.
38 Şu atlary boýunça agzalanlar urugbaşylardyr. Olaryň nesilleri juda köpeldi.
39 Olar öz sürülerine öri gözläp, Gedora we jülgäniň gündogar tarapyna çenli baryp ýetdiler.
40 Olar otluk, gowy öri meýdanlarynyň üstünden bardylar; bu ýer gaty giň, asuda hem rahatdy. Öň bu ýerde hamlar oturypdylar.
41 Şu atlary ýazylanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe gelip, öz çadyrlarynda bolan hamlara we megunlara hüjüm edip, olary büs-bütinleý gyryp ýok edip, olaryň ýerlerinde ornaşdylar, sebäbi ol ýerde sürüleri üçin öri meýdan bardy.
42 Şimgonlaryň bir bölegi – erkek kişileriniň bäş ýüzüsi Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Negarýanyň, Repaýanyň hem-de Uzyýeliň baştutanlygynda Segir dagyna gitdiler.
43 Olar gaçyp, diri galan amalekleri gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.