1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 7

Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýaşup we Şimron – jemi dört.
2 Tolanyň ogullary: Uzy, Repaýa, Ýeriýel, Ýahmaý, Ýybsam we Şamuwel. Bular Tola urugynyň kowumbaşylarydyr. Dawudyň döwründe olaryň ýigrimi iki müň alty ýüz sany batyr ýigitleri bardy.
3 Uzydan Ýyzrahýa doguldy. Ýyzrahýanyň ogullary: Mikaýyl, Abadýa, Ýowel we Ýişiýa – jemi bäş; olaryň ählisi-de kowumbaşylardy.
4 Nesil daragtyna görä nesilleriniň otuz alty müň adamly harby güýçleri bardy, çünki olar köp aýally hem-de köp ogullydylar.
5 Ysakaryň ähli nesilleriniň arasynda batyr ýigitler bolan garyndaşlary nesil daragtlaryna görä jemi segsen ýedi müňdi.
6 Benýaminiň ogullary: Bala, Beker we Ýedigaýel – jemi üç.
7 Balanyň ogullary: Esbon, Uzy, Uzyýel, Ýerimot we Iri – jemi bäş. Bular kowumbaşylar, batyr ýigitlerdir. Olaryň nesil daragtyna görä sany ýigrimi iki müň otuz dörtdi.
8 Bekeriň ogullary: Zemira, Ýogaş, Eligezer, Elýogeýnaý, Omry, Ýeremot, Abyýa, Anatot, Alemet. Şularyň hemmesi Bekeriň ogullarydyr.
9 Nesil daragtyna görä batyr ýigitler bolan kowumbaşylaryň sany ýigrimi müň iki ýüz adamdy.
10 Ýedigaýeliň ogullary: Bilhan. Bilhanyň ogullary: Ýeguş, Benýamin, Ehut, Kenagana, Zetan, Tarşyş we Ahyşahar.
11 Ýedigaýeliň şu ogullarynyň hemmesi kowumbaşylardyr we batyr ýigitlerdir. Olaryň urşa ukyplysy on ýedi müň iki ýüz.
12 Iriň ogullary: Şupym, Hupym; Huşym bolsa Aheriň ogludyr.
13 Naftalynyň ogullary: Ýahsyýel, Guny, Ýeter we Şallum. Şular Bilhanyň nesilleridir.
14 Manaşeniň ogullary: aramly gyrnak aýalyndan doglan Asryýel; Gilgadyň kakasy Makyr hem şondan doguldy.
15 Makyr Hupym bilen Şupymy öýlendirdi. Aýal doganynyň ady Magakady. Ikinjisiniň ady Selofatdy. Onuň diňe gyzlary boldy.
16 Makyryň aýaly Magaka bir ogul dogurdy we onuň adyna Pereş dakdy. Onuň inisiniň ady Şereşdi; onuň ogullarynyň ady Ulam hem-de Rekemdi.
17 Ulamdan Bedan doguldy. Manaşeniň agtygy Makyryň ogly Gilgadyň ogullary şulardyr.
18 Onuň aýal dogany Hammoleketden Yşhot, Abygezer we Mahla doguldy.
19 Şemidanyň ogullary: Ahýan, Şekem, Likhi we Anygam.
20 Efraýymyň ogly Şutela, Şutelanyň ogly Beret, Berediň ogly Tahat, Tahadyň ogly Elgada, Elgadanyň ogly Tahat,
21 Tahadyň ogly Zabat, Zabadyň ogly Şutela. Ezer we Elgat Efraýymyň ogullarydy. Ýerli gat halky, mal sürülerini basyp almaga gelendikleri sebäpli, olary öldürdiler.
22 Kakalary Efraýym ençe günläp olaryň ýasyny tutdy; doganlary oňa göwünlik bermäge geldiler.
23 Efraýym aýalynyň ýanyna girdi. Aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy we onuň adyna Beriga dakdy, sebäbi onuň öýünde betbagtçylyk bardy.
24 Ýokarky we aşaky Beýthorony hem-de Uzenşeýerany guran onuň gyzy Şeýerady.
25 Repa onuň ogludy. Repadan Reşep, Reşepden Tela, Teladan Tahan,
26 Tahandan Ladan, Ladandan Emyhut, Emyhutdan Elişama,
27 Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.
28 Efraýymlaryň mülkleri we mesgen tutan ýerleri şulardyr: Beýtel galasy we onuň obalary, gündogarda Nagaran, günbatarda Gezer we onuň obalary, Şekem we onuň obalary, Aýa we onuň obalary.
29 Manaşeleriň çäklerinden: Beýtşeýan galalary bilen, Tagnak galalary bilen, Megido galalary bilen, Dor galalary bilen. Şu galalarda Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullary mesgen tutdular.
30 Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi we Beriga; bularyň aýal dogany Sera.
31 Beriganyň ogullary: Heber bilen Malkyýel; Malkyýel Birzaýytyň kakasydy.
32 Heberden Ýaplet, Şomer, Hotam hem-de olaryň aýal dogany Şuwa doguldy.
33 Ýapletiň ogullary: Pasak, Bimhal we Aşwat. Bular Ýapletiň ogullarydyr.
34 Şomeriň ogullary: Ahy, Rohaga, Huba we Aram.
35 Şemeriň dogany Helemiň ogullary: Sopa, Ýymna, Şeleş we Amal.
36 Sopanyň ogullary: Suwa, Harneper, Şuwal, Beri, Ýymra,
37 Beser, Hot, Şamma, Şilşa, Ýytran we Beýera.
38 Ýeteriň ogullary: Ýepunne, Pispa we Ara.
39 Ulanyň ogullary: Ara, Hannyýel we Risýa.
40 Şularyň hemmesi Aşeriň nesilleridi, kowumbaşylardyr, saýlama batyr ýigitler hem-de begleriň begidir. Olaryň nesil daragtyna görä urşa ukyply ýigrimi alty müň adamy bardy.