1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 28

Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady.
2 Dawut patyşa turdy-da, olara şeýle diýdi: «Doganlarym, halkym, maňa gulak asyň! Meniň Hudaýymyzyň aýak kürsi bolan Rebbiň Äht sandygyny goýmak üçin öý gurmak niýetim bardy; onuň üçin taýýarlygam gördüm.
3 Ýöne Hudaý maňa: „Maňa öýi sen gurmarsyň, sebäbi sen uruş adamysyň, sen gan dökdüň“ diýdi.
4 Ýöne ebedilik patyşa bolmagym üçin, Ysraýyl Hudaýy Reb kakamyň maşgalasynyň arasyndan meni saýlady. Ol Ýahudany baştutan saýlady, Ýahudanyň neslinden kakamyň maşgalasyny saýlady. Bütin Ysraýyla patyşa etmekde kakamyň ogullarynyň arasyndan men Onuň göwnünden turdum.
5 Özüniň maňa beren köp ogullarynyň arasyndan Ysraýylyň üstündäki Reb patyşalygynyň tagtynda oturtmak üçin Reb oglum Süleýmany saýlap-seçdi.
6 Ol maňa şeýle diýdi: „Ogluň Süleýman Maňa ybadathana hem-de howlular gurmaly adamdyr. Çünki Men ony Özüme ogul saýladym, Menem onuň Atasy bolaryn.
7 Ol Meniň buýrukdyr hökümlerimi häzirkisi ýaly gyşarnyksyz berjaý etmegini dowam etdirse, Men onuň patyşalygyny ebedileşdirerin“.
8 Indi, tutuş Ysraýylyň, Rebbiň jemagatynyň gözüniň alnynda, Hudaýa eşitdirip, men saňa Hudaýyňyz Rebbiň ähli buýruklaryny ýerine ýetirmegi buýurýaryn. Şeýtseňiz şu eşretli topragyň eýesi bolarsyňyz we ony özüňizden soň nesilleriňize baky miras goýarsyňyz.
9 Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.
10 Ine seret, mukaddes öý gurmak üçin Reb seni saýlady. Berk dur-da, işi ýerine ýetir».
11 Soňra Dawut ogly Süleýmana öýüň eýwanynyň, jaýlarynyň, hazynalarynyň, üstküdir içki otaglaryň, Äht sandygyň gapagynyň teswirini berdi.
12 Şeýle hem ol göz öňünde tutan ähli işleriniň: Rebbiň öýüniň howlularynyň, onuň töwereginde bolmaly jaýlaryň, Hudaýyň öýüniň hazynalarynyň hem-de berlen sadakalardyr hazynalary,
13 ruhanylar hem-de lewiler toparlarynyň, Rebbiň öýünde berjaý edilmeli hyzmat işleriniň, Rebbiň öýünde ulanyljak esbaplaryň,
14 her bir iş üçin gerek boljak altyndyr kümüş esbaplara sarp ediljek altynyň hem-de kümşüň agramynyň,
15 altyn şemdanlara we çyralara sarp ediljek altynyň, altyn şemdanlardyr çyralaryň her birine sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüşden ediljek şemdana we çyra sarp ediljek kümşüň agramynyň hersiniň ulanylyşyna görä,
16 hödür çöregi üçin ulanyljak her bir altyn hantagta sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüş sekiler üçin kümşüň agramynyň,
17 sap altyndan ediljek çarşaklara, legenlere, küýzelere, jamlara sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüş jamlara sarp ediljek kümşüň agramynyň,
18 ýokary hilli altyndan ediljek ýakymly ysly tütetgileriň gurbanlyk sypasy üçin sarp ediljek altynyň agramynyň, ganatlaryny ýaýyp, Rebbiň Äht sandygyny büräp oturan keruplar üçin altyn arabanyň teswirini berdi.
19 Soňra Dawut patyşa: «Şularyň barynyň nusgalary maňa Reb tarapyndan ýazuw üsti bilen berildi» diýdi.
20 Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.
21 Ine, şular Hudaýyň öýüniň ähli hyzmatyny ýerine ýetirmeli ruhanylardyr lewileriň toparlarydyr. Şu işleriň ählisi üçin başarnykly döwtalaplaryň hemmesi seniň ýanyňda bolar. Ýolbaşçylardyr ähli halk hem seniň diýeniň bilen bolar».