Bap 24
Harunyň nesilleri hyzmat üçin bölünendir. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar, Ytamar.
2 Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular.
3 Dawut Elgazaryň nesli Sadok, Ytamaryň nesli Ahymelek bilen bile ruhanylary borçlaryna görä hyzmat işlerine bölüşdirdi.
4 Ytamaryň nesline garanda, Elgazaryň neslindäki kowumbaşylar has köpdi. Şoňa görä kowumbaşylaryň baştutanlygynda Elgazaryň nesilleri on alty bölege, Ytamaryň nesilleri sekiz bölege bölünendi.
5 Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy.
6 Lewilerden bolan Netaneliň ogly Şemagýa mürze patyşanyň, ýolbaşçylaryň, ruhany Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelegiň, ruhanylaryň nesilleriniň hem-de lewileriň kowumbaşylarynyň huzurynda bularyň atlaryny ýazdy. Elgazar bilen Ytamaryň hersi üçin bir topar saýlanyp alyndy.
7 Bijesi çykan adamlar bije tertibi boýunça şulardyr: Ýehoýaryp, Ýedaýa,
8 Harym, Segorym,
9 Malkyýa, Miýamyn,
10 Hakos, Abyýa,
11 Ýeşuwa, Şekanýa,
12 Elýaşyp, Ýakim,
13 Hupa, Ýeşebeýap,
14 Bilga, Immer,
15 Hezir, Hapyses,
16 Petahýa, Ezekiýel,
17 Ýakyn, Gamul,
18 Delaýa, Magazýa – jemi ýigrimi dört bije.
19 Olaryň Rebbiň öýüne girmek üçin ýerine ýetirmeli borçlary, ine, şudur. Muny olara Ysraýyl Hudaýy Reb olaryň atasy Harunyň üsti bilen tabşyrypdy.
20 Lewiniň nesilleriniň galan urugbaşylary şulardyr: Imranyň nesli Şubaýyl, Şubaýylyň nesli Ýehdeýa.
21 Rehabýadyň nesli Ýişiýa.
22 Ýisharlardan Şelomot; Şelomotyň nesillerinden Ýahat.
23 Hebronyň nesillerinden ýaş tertibine görä Ýeriýa, Amarýa, Ýahazyýal, Ýekamgam.
24 Uzyýeliň neslinden Mika; Mikanyň neslinden Şamyr.
25 Mikanyň dogany Ýişiýa, Ýişiýanyň neslinden Zakarýa.
26 Merarynyň nesillerinden Mahly, Muşy. Ýagazyýanyň ogullaryndan Beno.
27 Merarynyň nesillerinden Ýagazyýa, Beno, Şoham, Zakur, Ibri.
28 Mahlynyň nesillerinden Elgazar; onuň ogly ýokdur.
29 Kişden Ýerahmeýel.
30 Muşynyň nesillerinden Mahly, Eder, Ýerimot. Şular uruglaryna görä Lewiniň nesilleridir.
31 Garyndaşlary bolan Harunyň nesillerinde bolşy ýaly, bular hem Dawut patyşanyň, Sadokdyr Ahymelegiň, ruhanylardyr lewileriň kowumbaşylarynyň öňünde bije atdylar. Olaryň kowumbaşylar bolan ýaş garyndaşlary hem şeýle etdiler.