Bap 8
Benýaminiň bäş ogly bardy. Nobahar ogly Bala, ikinjisi Aşbel, üçünjisi Ahara,
2 dördünjisi Noha, bäşinjisi Rapady.
3 Balanyň ogullary: Adar, Gera, Abyhut,
4 Abyşuwa, Nagaman, Ahowa,
5 Gera, Şefufan we Huram.
6 Ehudyň nesilleri Nagaman, Ahyýa we Gerady. Olar Geba halkynyň kowumbaşylarydy.
7 Olar kowlup çykarylyp, Manahata göçdüler. Uza bilen Ahyhudyň kakasy Gera bulary göçüripdi.
8 Şaharaýym öz aýallary Huşym bilen Bagarana talagyny bereninden soň, Mowap topragynda birnäçe ogly boldy.
9 Onuň aýaly Hodeşden bolan ogullary şulardyr: Ýobap, Sibýa, Meşa, Malkam,
10 Ýegus, Şakýa we Mirma. Olar kowumbaşydylar.
11 Şaharaýymyň Huşymdan Abytup hem-de Elpagal diýen ogullary boldy.
12 Elpagalyň ogullary: Eber, Mişgam, Onony hem-de galalary bilen bile Lody guran Şemet,
13 Beriga, Şema–bu ikisi Aýalonyň ilatynyň kowumbaşylarydylar; olar Gatyň ilatyny kowup çykardylar;
14 Beriganyň ogullary şulardyr: Ahýo, Şaşak we Ýeremot,
15 Zebadýa, Arat, Eder,
16 Mikaýyl, Ýyşpa we Ýoha.
17 Zebadýa, Meşullam, Hizki, Heber,
18 Ýişmeraý, Ýizliýa we Ýobap – bular Elpagalyň ogullarydyr.
19 Ýakym, Zikri, Zabdy,
20 Eligenaý, Silletaý, Eliýel,
21 Adaýa, Beraýa we Şimrat – bular Şimginiň ogullarydyr.
22 Ýişpan, Eber, Eliýel,
23 Abdon, Zikri, Hanan,
24 Hananýa, Elam, Antotyýa,
25 Ýipdeýa we Penuwal – bular Şaşagyň ogullarydyr.
26 Şamşeraý, Şeharýa, Atalýa,
27 Ýagareşýa, Eliýa we Zikri – bular Ýerohamyň ogullarydyr.
28 Bular nesil daragtyna görä kowumbaşylardyr. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.
29 Gibgony esaslandyran adam şol galada ýaşady; onuň aýalynyň ady Magakady.
30 Abdon olaryň nowbahar ogludy, onsoň Zur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap,
31 Gedor, Ahýo, Zeker we Miklot.
32 Miklot Şimganyň kakasydy. Olar hem öz garyndaşlarynyň ýanynda – Iýerusalimde ýaşadylar.
33 Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
34 Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
35 Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Taryýa we Ahaz.
36 Ahazdan Ýehogada, Ýehogadadan Alemet, Azmawet, Zimri, Zimriden Mosa doguldy.
37 Mosadan Binega, Binegadan Rapa, Rapadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
38 Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan atly alty ogly bardy. Şularyň hemmesi Aseliň ogullarydyr.
39 Onuň dogany Ýeşugyň ogullary: nowbahar ogly Ulam, ikinjisi Ýeguş, üçünjisi Elipelet.
40 Ulamyň ogullary batyr ýigitler we ýaýçylardy; olaryň çagalarydyr agtyklary köpdi. Olaryň jemi bir ýüz ellidi. Şularyň hemmesi benýaminlerdir.