1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29


Bap 16

Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.
2 Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Rebbiň adyndan halka ak pata berdi.
3 Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady.
4 Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyna ybadat etmek, öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi.
5 Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – barbat hem çeň, Asaf – kimwal çalmalydylar.
6 Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar.
7 Dawut şol gün Rebbe öwgi aýdymlaryny aýtmagy Asaf bilen onuň garyndaşlaryna tabşyrdy.
8 Rebbe şükür ediň, Ony çagyryň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
9 Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
10 Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
11 Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
14 Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
12 Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
13
14
15 Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaň.
16
17 Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
18
19 Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
20 Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga.
21 Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
22 Diýdi: «Saýlap seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
23 Rebbe nagma aýdyň, eý, tutuş ýer ýüzi! Onuň halas edýändigini günsaýyn buşlaň!
24 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.
25 Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
26 Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.
27 Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr güýç we şatlyk.
28 Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň, Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň!
29 Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, huzuryna giriň. Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň;
30 eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň. Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla.
31 Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Milletler arasynda: «Reb – Patyşa!» diýsin olar.
32 Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin. Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.
33 Şonda tokaý agaçlary nagmalar aýdar Rebbiň huzurynda. Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.
34 Rebbe şükür ediň, çünki Ol – ýagşy, Onuň sadyk söýgisi baky.
35 Ýene-de aýdyň: «Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi azat edip toplap al.
36 Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!». Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.
37 Rebbiň Äht sandygynyň öňünde her gün hyzmat etsinler diýip, Dawut Asafy, onuň doganlaryny hem-de Obededomy altmyş sekiz sany dogany bilen goýdy.
38 Ýedutunyň ogly Obededomy Hosa bilen derwezeban edip goýdy.
39 Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky sežde edilýän ýerdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy.
40 Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy.
41 Sadyk söýgisiniň ebediligi üçin Rebbe alkyş aýtsyn diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy.
42 Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.
43 Soňra ähli halk öýli-öýüne dargady. Dawut hem öz hojalygyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.