Bap 7
Isa bu sözleri halka eşitdirip bolandan soň, Kapernauma bardy.
2 Bir ýüzbaşynyň eziz görýän hyzmatkäri syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy.
3 Ýüzbaşy Isa baradaky gürrüňleri eşidende, baryp, hyzmatkärini sagaltmagy Ondan haýyş etsinler diýip, ýehudylaryň birnäçe ýaşulusyny Onuň ýanyna iberdi.
4 Olar hem Isanyň ýanyna gelenlerinde, Oňa çyny bilen ýalbaryp, şeýle diýdiler: «Ol muny etmegiňe mynasypdyr.
5 Çünki ol biziň milletimizi söýýär, sinagogany-da bize şol salyp berdi».
6 Isa olar bilen bile gitdi. Ol onuň öýüne golaýlanda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, Oňa şeýle diýdi: «Ýa Reb, zähmet çekme. Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl.
7 Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa gelmäge mynasyp görmedim, ýöne bir söz aýt, meniň hyzmatkärim sagalar.
8 Çünki men bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar, birine: „Git" diýýärin, gidýär, ýene birine: „Gel" diýýärin, gelýär, hyzmatkärime: „Şuny et" diýýärin, edýär».
9 Isa muny eşidende, oňa haýran galdy, yzyna düşüp gelýän halaýyga ýüzlenip, şeýle diýdi: «Size diýýärin: Men hatda Ysraýylda-da beýle imany göremok».
10 Iberilenler öýe gaýdyp gelenlerinde, syrkaw hyzmatkär sagalan eken.
11 Ertesi Isa Nain diýen şähere gitdi. Şägirtleriniň köpüsi we uly märeke hem Onuň bilen bile gitdi.
12 Isa şäheriň derwezesine golaýlanda, ine, bir ölini ugradyp barýardylar. Ol dul galan ejesiniň ýalňyz ogludy. Şäher halkynyň birtopary hem aýalyň ýanyndadylar.
13 Reb enäni görende, oňa haýpy gelip: «Aglama!» diýdi.
14 Baryp tabyda elini degirdi, gölegçiler hem durdular. Ol diýdi: «Eý, ýaş ýigit! Saňa diýýärin, tur!»
15 Öli ýerinden galyp oturdy-da, geplemäge başlady. Isa ony enesine gowşurdy.
16 Hemmelere gorky aralaşdy. Olar: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr, Hudaý Öz halkyny idemäge gelipdir» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
17 Isa hakdaky bu gürrüň bütin Ýahuda, dumly-duşa ýaýrady.
18 Ýahýanyň şägirtleri bularyň ählisini oňa habar berdiler.
19 Ýahýa-da öz şägirtlerinden ikisini ýanyna çagyryp, Rebden: «Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy!» diýip soramaga Onuň ýanyna iberdi.
20 Olar Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Çokundyryjy Ýahýa bizi Seniň ýanyňa: „Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy?" diýip soramaga iberdi».
21 Edil şol wagt Isa birtopar adamlary syrkawlyklardan, dertlerden we erbet ruhlardan sagaltdy. Köp körleriň gözüni açdy.
22 Şeýlelikde, Ol olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.
23 Men sebäpli büdremedik bagtlydyr!»
24 Ýahýanyň iberen adamlary gidenden soň, Isa halaýyga Ýahýa hakda gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy?
25 Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnip, zowky-sapada ýaşaýanlar patyşalaryň köşklerindedir.
26 Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn: ol pygamberden hem artykdyr.
27 „Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar" diýip ýazylan şudur.
28 Size diýýärin: aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan uly pygamber ýok, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr».
29 Ony diňlän bütin halaýyk hem salgytçylar Hudaýyň ýoluny oňladylar. Sebäbi Ýahýa tarapyndan çokundyryldylar.
30 Ýöne fariseýler bilen kanunçylar onuň tarapyndan çokundyrylman, Hudaýyň özleri hakdaky niýetinden boýun gaçyrdylar.
31 Şonda Isa olara şeýle diýdi: «Bu nesliň adamlaryny Men kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär!
32 Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz, agy etdik, aglamadyňyz" diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.
33 Çünki Çokundyryjy Ýahýa geldi, ol ne çörek iýýär, ne-de şerap içýär, siz bolsa oňa „jynly" diýýärsiňiz.
34 Ynsan Ogly geldi, iýýär hem içýär, siz: „Ine, horan, arakhor, salgytçy, günäkärleriň dosty" diýýärsiňiz.
35 Ýöne akyldarlyk özüniň ähli çagalary tarapyndan tassyklandy».
36 Fariseýlerden biri Isadan özi bilen bile nahar iýmegini haýyş etdi. Ol hem ýaňky fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy.
37 Ol şäherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýünde saçak başynda oturandygyny eşidende, bir ak mermer gapda atyr ysly ýag getirdi.
38 Ol aýal yzda, Isanyň aýagyna ýakyn durup, aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýagyny ýuwmaga durdy. Onsoň öz saçy bilen süpürip, aýaklaryndan öpüp, ysly ýag bilen ýaglady.
39 Isany öýüne çagyran fariseý muny görende: «Bu Adam pygamber bolsa, onda Özüne elini degirýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal bir günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.
40 Isa oňa: «Simun! Saňa bir aýtjak zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi.
41 Isa şeýle diýdi: «Iki adam bir karz berijä bergilidi. Biriniň bäş ýüz dinar, biriniň hem elli dinar bergisi bardy.
42 Olaryň bermäge zatlary bolmansoň, karz beriji ikisiniň hem bergisini geçdi. Indi Maňa aýt, olaryň haýsysy ony köp söýer?»
43 Simun: «Meniň pikirimçe, köpräk karzy geçilen bolsa gerek» diýdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.
44 Onsoň aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen Maňa aýagym üçin suw-da bermediň. Emma ol Meniň aýagymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi.
45 Sen meni öpmediň, emma bu aýal gelelim bäri, yzyny üzmän aýaklarymdan öpüp otyr.
46 Sen Meniň başymy zeýtun ýagy bilen-de ýaglamadyň, emma bu aýal aýaklarymy ysly ýag bilen ýaglady.
47 Şonuň üçin saňa aýdýaryn: onuň köp bolan günäleri geçildi. Onuň köp söýýändiginiň sebäbi, ine, şunda. Emma kimiň az günäsi geçilse, ol az söýer».
48 Aýala bolsa: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi.
49 Onuň bilen bile saçak başynda oturanlar: «Günäleri-de geçýän bu kimkä?» diýşip, içlerini gepletmäge başladylar.
50 Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi. Sag-aman git» diýdi.