Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 5

Bir gün halaýyk Hudaýyň Sözüni diňlejek bolup, Isanyň daşyny alyp durka, Ol Jenesaret kölüniň kenarynda durdy.
2 Şonda Isanyň gözi kölüň ýakasynda duran iki gaýyga düşdi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular.
3 Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň gaýykda oturan ýerinden halka sapak bermäge durdy.
4 Sözüni gutaranda Simuna: «Çuň ýere gidiň-de, aw üçin torlaryňyzy suwa zyňyň» diýdi.
5 Simun Oňa şeýle diýdi: «Ussat! Bütin gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary zyňaýyn».
6 Muny edenlerinde, şeýle köp balyk tutdular welin, torlary ýyrtylyp ugrady.
7 Beýleki gaýykdaky ýoldaşlaryna gelip kömekleşmekleri üçin ellerini bulap yşarat etdiler. Olar hem gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy.
8 Simun Petrus muny görende: «Ýa Reb, meniň ýanymdan aýryl, çünki men bir günäkär adam!» diýip, Isanyň dyzyna ýykyldy.
9 Sebäbi tutan balyklarynyň köpdügine ol we ýanyndakylaryň hemmesi ―
10 Simunyň ýoldaşlary bolan Zebedeýiň ogullary, Ýakup bilen Ýahýa hem haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň» diýdi.
11 Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
12 Isa şäherleriň birindekä, tutuş endamy heýwere keselli bir adam geldi. Ol Isany görende, ýüzüni ýere berip, Oňa: «Ýa Reb, isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip ýalbardy.
13 Isa hem elini uzadyp: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi-de, oňa elini degirdi. Heýwere keseli derrew ol adamdan aýryldy.
14 Isa oňa: «Muny hiç kime aýtma» diýip tabşyrdy-da: «Ýöne bar-da, özüňi ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyrygy boýunça gurban bagyş et» diýdi.
15 Isa hakdaky gürrüňler barha ýaýraýardy. Isany diňlejek, syrkawlyklaryndan açyljak bolup, Onuň ýanyna uly märekeler ýygnanýardy.
16 Emma Ol çöllere çykyp doga edýärdi.
17 Bir gün Isa sapak berip otyrdy. Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen kanunçylar-da şol ýerde otyrdylar. Rebbiň gudraty Onuň syrkawlara şypa berşinde özüni görkezýärdi.
18 Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdiler. Ony içerik salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular.
19 Emma märeke zerarly içerik salmak üçin ýol tapman, öýüň üstüne çykyp, üçegiň arasyndan ony düşegi bilen orta ― Isanyň öňüne düşürdiler.
20 Ol hem olaryň imanyny görüp: «Eý adam, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
21 Kanunçylar bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletmäge başladylar.
22 Emma Isa olaryň nämä oýlanýanyny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi gepledýärsiňiz?
23 Haýsy aňsat, „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre" diýmek?
24 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
25 Ol hem derrew olaryň gözleriniň alnynda ör turup, düşegini aldy-da, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi.
26 Hemmeler haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar, gorky bilen dolup: «Bu gün geň zatlar gördük» diýişdiler.
27 Isa daşaryk çykanda, gümrükhanada oturan Lewi atly salgytçyny gördi. Ol oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.
28 Ol hem bar zady taşlap, turdy-da, Onuň yzyna düşdi.
29 Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly zyýapat berdi. Saçagyň başynda olar bilen oturan birtopar salgytçy we başga köp adam bardy.
30 Fariseýler bilen olaryň kanunçylary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.
31 Isa olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir.
32 Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.
33 Olar hem Oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan oraza tutup, doga edýärler, fariseýleriňki hem şeýle, ýöne Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler?»
34 Isa şeýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, siz toýdakylara oraza tutduryp bilersiňizmi?
35 Emma giýewiň olaryň ýanyndan alynjak günleri geler, olar şonda, şol günlerde oraza tutarlar».
36 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Hiç kim täze eşikden bir bölek ýyrtyp alyp, köne eşige ýamalyk etmez. Ýogsa, ol täzäni ýyrtar hem-de täzeden alnan ýamalyk köne eşige gelişmez.
37 Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, täze şerap meşikleri ýaryp, daşary döküler, meşikler zaýalanar.
38 Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr. Şeýlelikde, ikisi-de aman galar.
39 Hiç kim-de köne şeraby içensoň täzäni küýsemez, çünki „Könesi oňat" diýer».