Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 1

Gadyrly Teofilus, aramyzda ýüze çykan wakalaryň taryhyny köp adamlar başdan öz gözleri bilen görenleriň we Sözüň hyzmatçysy bolanlaryň bize aýdyşy ýaly edip ýazmaga girişdiler.
2 Muňa görä men-de tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp,
3 seniň özüňe öwredilenleriň dogrudygyny bilmegiň üçin,
4 ählisini bolşy ýaly, birin-birin saňa ýazmaklygy maslahat bildim.
5 Ýahuda patyşasy Hirodesiň zamanynda Abiýa bölüminden Zekerýa atly bir ruhany bardy. Onuň aýaly hem Harunyň neslinden bolup, ady Elizabetdi.
6 Bularyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogry bolup, Rebbiň bütin buýruk hem tabşyryklaryny kemsiz berjaý ederdiler.
7 Olaryň perzendi ýokdy, çünki Elizabet önelgesizdi. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdiler.
8 Bir gün Zekerýa öz bölüminiň nobatynda Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edip ýörkä,
9 ruhanylyk adaty boýunça, buhur ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi.
10 Ähli jemagat buhur ýakylýan sagatda daşarda doga edip durdy.
11 Rebbiň buhurdanyň sagynda duran bir perişdesi Zekerýa göründi.
12 Zekerýa ony görende, gorkup aljyrady.
13 Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý Zekerýa, gorkma, çünki dogaň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dograr, onuň adyna Ýahýa dakarsyň.
14 Sen şatlanarsyň, begenersiň, onuň dogulmagyna köp adamlar şatlanar.
15 Çünki ol Rebbiň nazarynda uly bolar, şerap, içgi içmez. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruh bilen dolar.
16 Ysraýyl ogullarynyň köpüsini öz Hudaýlary Rebbe tarap öwrer.
17 Ol atalaryň ýüreklerini ogullara, günälileri dogrulara tarap öwürmek we Rebbe taýýar halk taýynlamak üçin, Rebbiň huzurynda Ylýasyň ruhy we gudraty bilen gezer».
18 Zekerýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Çünki men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi.
19 Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Men Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşmek, saňa bu hoş habary gowşurmak üçin iberildim.
20 Ine, diliň tutulyp, bu zatlar bolýança, gepläp bilmersiň. Çünki sen meniň bellenen wagtda ýerine ýetjek sözlerime ynanmadyň».
21 Şol wagt halk Zekerýa garaşýardy, onuň ybadathanada eglenenine geňirgenýärdiler.
22 Zekerýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Halk onuň ybadathanada görnüş görenini bildi. Çünki Zekerýa olara üm bilen yşarat edip, lal galdy.
23 Ol hyzmat günleri dolanda, öýüne gaýtdy.
24 Şu günlerden soň, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap gözden-ilden çekilip: «Adamlar arasyndaky utanjymy aýyrjak bolup, Reb şu günler maňa nazaryny saldy, meni şeýle etdi» diýýärdi.
26 Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine,
27 Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu gyzyň ady Meremdi.
28 Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, merhemete sezewar bolan! Reb seniň bilendir, sen aýallar arasynda mübäreksiň!» diýdi.
29 Merem bu sözlere gaty aljyrap, «Bu nähili salam?» diýip içini gepletdi.
30 Perişde oňa şeýle diýdi: «Gorkma, Merem, sen Hudaýdan merhemet tapdyň.
31 Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň.
32 Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer.
33 Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz».
34 Merem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok» diýdi.
35 Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljaga Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler.
36 Ine, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrylygynda göwresinde oglany bar. Önelgesiz diýilýäniň eýýäm altynjy aýy.
37 Çünki Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur».
38 Merem: «Ine, men Rebbiň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Perişde onuň ýanyndan gitdi.
39 Merem şol günlerde turup, gyssanmaç daglyga, Ýahuda ülkesiniň bir şäherine gitdi.
40 Ol Zekerýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi.
41 Elizabet Meremiň salamyny eşidende, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruh bilen doldy.
42 Ol batly gygyryp, şeýle diýdi: «Sen aýallar içinde bagtlysyň, seniň göwräňiň miwesi-de bagtlydyr!
43 Bu nähili boldy-da, Rebbimiň enesi meniň ýanyma geldi.
44 Ine, salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden gymyldady.
45 Iman getiren aýal bagtlydyr! Çünki Reb tarapyndan oňa aýdylanlar ýerine ýeter».
46 Merem şeýle diýdi: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär,
47 Halasgärim Hudaýa ruhum şatlanýar.
48 Çünki Ol Öz gyrnagynyň ejizligini gördi. Mundan beýläk bütin nesiller maňa bagtly diýer.
49 Çünki Gudratygüýçli maňa uly işler etdi. Onuň ady mukaddesdir.
50 Onuň rehimi nesilden-nesle Özünden gorkýanlaryň üstündedir.
51 Ol goly bilen güýçli işler etdi, öz ýürek pikirleri bilen magtanýanlary dargatdy.
52 Güýçlüleri tagtlaryndan düşürip, ejizleri galdyrdy.
53 Açlary nygmatlar bilen doýrup, baýlary boş gaýtardy.
54 Atalarymyza beren sözi boýunça, Ybraýym bilen onuň nesline mydamalyk rehim etmegi unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».
56 Merem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.
57 Elizabetiň güni-sagady dolup, bir ogul dogurdy.
58 Goňşulary hem-de dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa uly rehimdarlyk edenini eşidip, onuň bilen bile şatlandylar.
59 Sekizinji güni oglany sünnetlemäge gelenlerinde, onuň adyna kakasynyň ady ýaly Zekerýa dakjak boldular.
60 Ýöne ejesi garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi.
61 Oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atly adam ýok» diýdiler.
62 Olar oglanyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň näme at dakmakçydygyny soradylar.
63 Ol hem bir kiçiräk tagta isläp, «Ady Ýahýadyr» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdylar.
64 Şol bada Zekerýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady.
65 Bütin goňşular gorkdular. Ýahuda daglygynyň ähli ýerinde bütin bu wakalaryň gürrüňi edildi.
66 Muny eşidenleriň bary bu zatlary ýüreklerinde saklap: «Bu çaga näme bolarka?» diýişýärdiler. Çünki Rebbiň eli onuň bilendi.
67 Oglanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi:
68 Ysraýylyň Hudaýy Reb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrdy.
69 Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi.
72 Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini,
73 biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi.
74 Ol bizi duşmanlarymyzyň elinden halas edip,
75 takwalyk hem dogrulyk bilen, öňünde ömürboýy Özüne ybadat etmäge bize mümkinçilik berjekdigini aýdypdy.
76 Eý çaga, sen hem hemmelerden beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň!
77 Çünki sen Onuň ýollaryny taýýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň.
78 Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliligine görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin,
79 aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün kimin ýokarlardan bizi idemäge geler».
80 Oglan bolsa ulalyp, ruhy güýçlenýärdi. Ol Ysraýyla görünmeli günlerine çenli çöllerde boldy.