Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 2

Şol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy.
2 Bu Kiriniusyň Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy.
3 Hemmeler ýazylmak üçin öz şäherlerine gitdiler.
4 Ýusup-da Dawudyň öýünden we neslinden bolansoň, ol ýerde adyny ýazdyrmak üçin, Jeliledäki Nasyra şäherinden ýola düşüp, Dawudyň Ýahudadaky Beýtullaham diýen şäherine gitdi.
5 Göwreli adaglysy Merem hem ýanyndady.
6 Olar Beýtullahamdakalar, Meremiň dogurmaly güni-sagady geldi.
7 Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, Ony bir ahyrda ýatyrdy. Çünki olara myhmanhanada ýer ýokdy.
8 Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar.
9 Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular.
10 Perişde olara şeýle diýdi: «Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn:
11 Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir.
12 Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz».
13 Birdenkä perişde bilen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler:
14 «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!»
15 Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: «Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň» diýişdiler.
16 Şeýlelikde, ylgap baryp, Meremi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar.
17 Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler.
18 Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar.
19 Merem bolsa bu zatlar hakda ýagşy oýlanyp, bularyň baryny ýüreginde saklaýardy.
20 Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.
21 Sekizinji gün dolup, çagany sünnetleme wagty ýetende, enesiniň göwresine düşmezden öň, perişdäniň aýdyşy ýaly, Onuň adyna Isa dakdylar.
22 Musanyň kanunynda beýan edilen çile döwri tamam bolanda, Rebbe bagyşlamak üçin, Isany Iýerusalime getirdiler. Çünki Rebbiň kanunynda: «Ilkinji doglan her bir erkek çaga Rebbe bagyşlanmalydyr» diýip ýazylypdyr.
23 Ýene Rebbiň kanunynda aýdylyşyna görä, olar
24 bir jübüt gumry ýa-da iki kepderi çagasyny gurban etmek üçin gitdiler.
25 Iýerusalimde Simun atly bir adam bardy. Ol dogry hem dindar bolup, Ysraýylyň teselli tapjak wagtyna garaşýardy we Mukaddes Ruh onuň üstündedi.
26 Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölüm garasyny görmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýdylypdy.
27 Ol Ruhuň ýol görkezmesi bilen ybadathana geldi. Isanyň ene-atasy kanunda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, çagany içerik getirenlerinde,
28 Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi:
29 Ýa Reb, beren sözüňe görä, indi hyzmatkäriňi sag-aman goýber.
30 Çünki Seniň bütin halklaryň gözüniň alnynda taýýarlap goýan,
31 milletleri ýagtyltjak yşygyňy,
32 halkyň Ysraýylyň şöhraty bolan gutaryşyňy gözüm gördi».
33 Ýusup bilen çaganyň enesi Ol hakda aýdylýan sözlere haýran galdylar.
34 Simun olara ak pata berip, ejesi Mereme şeýle diýdi: «Ine, bu çaga Ysraýylda köpleriň ýykylmagy we galmagy üçin, çekişmeler turuzjak alamat bolmak üçin bellenendir.
35 Ençeme ýürekleriň pikirleri äşgär bolar ýaly, seniň hem janyňa bir gylyç sokular».
36 Aşer taýpasyndan bolan Fanuiliň welilik edýän gyzy Anna-da şol ýerdedi. Onuň ýaşy garrylyga ýetipdi. Gyzlygyndan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşap,
37 indi bolsa ýaşy segsen dörde ýeten bu dul hatyn ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşguldy.
38 Ol hem edil şol wagt gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berdi.
39 Ýusup bilen Merem Rebbiň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soň, Jeliledäki şäherleri Nasyra dolandylar.
40 Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
41 Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime giderdiler.
42 Ol on iki ýaşyndaka, baýram adaty boýunça Iýerusalime gitdiler.
43 Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyň ejesi muny bilmeýärdiler.
44 Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly ýörediler. Onsoň, Ony dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň arasyndan gözläp başladylar.
45 Tapmansoňlar, Ony gözläp, yzlaryna Iýerusalime dolandylar.
46 Üç günden soň, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi.
47 Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.
48 Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi.
49 Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi.
50 Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler.
51 Onsoň Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy.
52 Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.