Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 6

Pesahyň ikinji gününden soňky ilkinji sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýarka, şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler.
2 Fariseýleriň käbirleri olara: «Näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärsiňiz?» diýdiler.
3 Isa olara şeýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyň näme edenini okamadyňyzmy?
4 Ol Hudaýyň öýüne bardy-da, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi we ýanyndakylara hem berdi».
5 Olara: «Ynsan Ogly sabat gününiň hem Rebbidir» diýdi.
6 Ýene bir sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Ol ýerde sag eli gurap, inçelen bir adam bardy.
7 Kanunçylar bilen fariseýler Ony aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip, Ony aňtadylar.
8 Isa olaryň pikirlerini bilip, eli gurap, inçelen adama: «Ýokary gal-da, ortada dur» diýdi. Ol hem ýokary galyp durdy.
9 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Sizden soraýaryn: Sabat güni näme etmek dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?»
10 Onsoň töweregindäkileriň hemmesine seretdi-de, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem şeýle etdi we eli beýlekisi ýaly sagaldy.
11 Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isa näme etmelidigi barada öz aralarynda gürrüňe başladylar.
12 Şol günleriň birinde Isa doga etmäge daga çykyp, uzyn gijäni Hudaýa doga etmek bilen geçirdi.
13 Gündiz bolanda şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on ikisini saýlap, resullar adyny dakdy. Saýlanlary şulardyr:
14 Petrus adyny bereni Simun we onuň dogany Andreas, Ýakup we Ýahýa, Filipus we Bartolomeus,
15 Matta we Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup we Watançy diýilýän Simun.
16 Ýakubyň ogly Iuda we soňra Oňa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
17 Isa olar bilen aşak inip, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde şägirtlerinden ybarat bir uly märeke we bütin Ýahudadan, Iýerusalimden, Saýdanyň we Suruň kenar ýakalaryndan Ony diňlemäge, syrkawlygyndan açylmaga gelen uly halk köpçüligi bardy.
18 Al-arwahlardan yza çekýänler-de şypa tapýardylar.
19 Bütin märeke Oňa el degirjek bolup dyrjaşýardy. Çünki Ondan güýç çykyp, hemmesine şypa berýärdi.
20 Isa şägirtlerine garap, şeýle diýdi: «Eý garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Patyşalygy siziňkidir.
21 Häzirki açlar, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Häzirki aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki gülersiňiz.
22 Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagtlary, size sögüp, adyňyzy ýamana çykaran wagtlary siz bagtlysyňyz!
23 Şol gün şatlanyň, begençden böküň, çünki Gökde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň atalary-da pygamberlere şeýle edendirler.
24 Emma waý size, eý baýlar! Çünki siz öz teselliňizi alansyňyz.
25 Waý size, eý, häzirki doklar! Çünki siz aç galarsyňyz. Waý size, eý, häzirki gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.
26 Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki olaryň atalary ýalan pygamberlere-de şeýle edendirler».
27 Emma, eý, Meni diňleýänler, size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň.
28 Özüňize gargaýanlar barada ýagşy dilegde boluň, özüňizi ynjydýanlara doga ediň.
29 Bir ýaňagyňa urana ol ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma.
30 Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna dileme.
31 Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň.
32 Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler.
33 Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de muny edýärler.
34 Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýärler.
35 Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almagy umyt etmän karz beriň. Şeýlelikde, baýragyňyz uly bolup, Hemmelerden Beýik Bolanyň ogullary bolarsyňyz. Çünki Ol gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr.
36 Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz-de rehimdar boluň».
37 Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.
38 Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, pürepür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
39 Isa olara bir tymsal hem aýtdy: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem guýa gaçaýmazmy.
40 Şägirt öz mugallymyndan ýokary däldir, ýöne kämilleşensoň, her kes öz mugallymy ýaly bolar.
41 Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?
42 Ýa-da öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa nädip: „Dogan! Gel, seniň gözüňdäki çöpi çykaraýyn" diýjek? Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňden agajy çykar. Şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».
43 Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez.
44 Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ne tikenden injir alynýandyr, ne-de çalydan üzüm ýygylýandyr.
45 Oňat adam ýüreginiň oňat hazynasyndan oňat zat çykarýandyr. Erbet adam-da ýüreginiň erbet hazynasyndan erbet zat çykarýandyr. Çünki onuň agzy ýüreginden joşanyny sözleýändir.
46 Näme üçin Maňa „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?
47 Meniň ýanyma gelýän, Meniň sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kim ýalydygyny Men size aýdaýyn.
48 Ol bir öý salan adam ýalydyr. Bu adam ýeri çuň gazyp, binany bir gaýanyň üstünde tutdy. Sil gelende bolsa derýa ol öýe urup, ony gymyldadyp bilmedi. Çünki onuň binasy gaýanyň üstünde tutulypdy.
49 Ýöne Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa ol öýe uran badyna, öý ýykylyp, onuň dargaýşy gorkunç boldy».