Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 21

Isa gabagyny galdyranda, baý adamlaryň öz peşgeşlerini ybadathananyň hazynasyna atyp duranyny gördi.
2 Ol bir garyp dul hatynyň hem pul atanyny görüp,
3 şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul hatyn hemmeden kän atdy.
4 Çünki olaryň hemmesi Hudaýyň sandygyna özlerinden artany atdylar, bu hatyn bolsa garyplygyna garamazdan, bütin çörek puluny atdy».
5 Şägirtleriniň käbiri ybadathananyň gymmatbaha daşlar hem peşgeşler bilen bezelgidigini aýdanlarynda, Isa:
6 «Şeýlelikde, günler geler welin, şonda bu ýerde görýän zatlaryňyzdan daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi.
7 Ondan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar.
8 Ol şeýle jogap berdi: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar! Çünki köpler Meniň adym bilen gelip, „Men ― Ol" we „Wagt golaýlady" diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.
9 Uruşlar hem gozgalaňlar barada habar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, ýöne dünýäniň soňy tiz gelmez».
10 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar.
11 Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar, Gökden uly alamatlar bolar.
12 Ýöne bulardan öň, Meniň adym üçin size el urarlar, yzarlarlar, eltip sinagogalara, zyndanlara tabşyrarlar, patyşalaryň, hökümdarlaryň alnyna getirerler.
13 Bu bolsa güwälik etmek üçin size bir pursat bolar.
14 Munuň üçin berjek jogabyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň.
15 Çünki Men size dil hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.
16 Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.
17 Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener.
18 Ýöne kelläňizden bir gyl hem kemelmez.
19 Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz.
20 Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň.
21 Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin.
22 Çünki şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.
23 Şol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Çünki ýurtda uly horluk bolup, bu halk gazaba sezewar bolar.
24 Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, bütin milletleriň arasyna sürgün ediler. Olar möwritleri dolanýança, Iýerusalimi basgylar.
25 Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Ýer ýüzünde bolsa deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly, aljyraňňy ýagdaýdaky milletler galagopluga düşdüler.
26 Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar, çünki gögüň gudratlary titrär.
27 Şonda olar Ynsan Oglunyň bulut içinde gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler.
28 Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».
29 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň.
30 Olaryň ýapraklandyklaryny görüp, tomsuň golaýdygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz.
31 Şonuň ýaly hem bu zatlaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň.
32 Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
33 Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.
34 Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn.
35 Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler.
36 Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň».
37 Isa gündizleri ybadathanada sapak berip, gijelerini bolsa daşaryk çykyp, Zeýtun dagynda geçirerdi.
38 Bütin halk Onuň aýdýanlaryny diňlejek bolup, ertir ir bilen ybadathana gelerdiler.