Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 16

Isa şägirtlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Oňa: „Iş dolandyryjyň seniň mal-mülküňi dargadýar" diýip şikaýat edýärler.
2 Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada meniň bu eşidýänlerim näme! Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, çünki sen indi iş dolandyryjy bolup bilmeýärsiň" diýýär.
3 Iş dolandyryjy öz-özüne şeýle diýýär: „Näme ederkäm? Agam meniň işimi elimden alýar. Gazy gazmagy başarmaýaryn, dilenmäge utanýaryn.
4 Işimi elden beremde, halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin".
5 Şeýlelikde, agasyna bergili adamlary ýekän-ýekän çagyryp, birinjisine: „Meniň agama näçe bergiň bar?" diýýär.
6 Ol: „Ýüz çanak zeýtun ýagy" diýýär. Oňa: „Borçnamaňy al, derrew otur-da, şony elli edip ýaz" diýýär.
7 Onsoň başga birine: „Seniň näçe bergiň bar?" diýýär. Ol hem: „Ýüz çanak bugdaý" diýip jogap berýär. Oňa-da: „Borçnamaňy al-da, şony segsen edip ýaz" diýýär.
8 Agasy bu hilegär iş dolandyryjyny paýhasly hereket edeni üçin öwýär. Çünki bu döwrüň ogullary öz nesline garşy hereket etmekde nur ogullaryndan paýhaslydyr.
9 Size aýdýaryn: mal-mülküňiz tükenende, olar sizi ebedi mesgenlere kabul eder ýaly, dünýäniň hileli baýlygy bilen dost gazanyň».
10 Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir.
11 Şeýlelikde, dünýäniň hileli baýlygynda ynamly bolmadyk bolsaňyz, çyn baýlygy size kim ynanar?
12 Kesekiniň maly barada ynamly bolmadyk bolsaňyz, özüňiziňkini size kim berer?
13 Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Çünki ol ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem mammona hyzmat edip bilmersiňiz».
14 Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isa güldüler.
15 Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, ýöne Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlar arasynda ýokary saýylýan zat Hudaý ýanynda ýigrenjidir.
16 Kanun we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň zamanyna çenli bildirildi. Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habary şondan bäri wagyz edilip gelinýär, her kim zor bilen oňa girýär.
17 Emma Gök bilen Ýeriň geçip gitmegi Mukaddes Kanundan ýekeje nokadyň gaçyp galmagyndan aňsatdyr.
18 Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen her kes zyna edýändir, ärinden aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir».
19 Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy we nepis keteniden tikilen eşikler geýnip, her gününi toý-meýlisde geçirer eken.
20 Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini baş tutan Lazar atly bir gedaý ýatar eken.
21 Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwynda eken. Itler hem gelip, onuň başyny ýalar eken.
22 Gedaý ölende, perişdeler ony Ybraýymyň gujagyna äkidýärler. Soň baý hem ölüp, jaýlanýar.
23 Ol dowzahda gynalyp ýörkä, gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy, onuň gujagyndaky Lazary görýär.
24 Şonda gygyryp: „Eý, Ybraýym ata! Maňa rehim et, Lazary iber, barmagynyň başyny suw bilen ölläp, meniň dilimi sowatsyn. Çünki bu ýalynda azap çekýärin" diýýär.
25 Emma Ybraýym şeýle diýýär: „Eý ogul! Sen öz ýaşaýşyňda oňat zatlar alanyňy, Lazaryň bolsa erbet zatlar alanyny ýadyňa sal, indi ol bu ýerde rahatlyk görýär, sen azap çekýärsiň.
26 Mundan başga hem, bu ýerden siz tarapa geçjek bolýanlar, ol ýerden hem biz tarapa geçjek bolýanlar geçip bilmez ýaly, biz bilen siziň araňyzda uly uçut goýlupdyr".
27 Ol-da şeýle diýýär: „Eý ata! Haýyş edýärin, ony meniň atamyň öýüne iber.
28 Çünki meniň bäş doganym bar. Olar bu gynalýan ýere gelmez ýaly, Lazar baryp habar etsin".
29 Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň, pygamberleriň ýazgylary bar, şolara gulak assynlar" diýýär.
30 Ol hem: „Ýok, eý Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna barsa, toba ederler" diýýär.
31 Ybraýym oňa şeýle diýýär: „Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar"».