Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 3

Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyň häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onuň dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyň tetrarhy, Lisaniýas Abiliniň tetrarhydy.
2 Hanna bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda çölde Zekerýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi geldi.
3 Ol Iordanyň töweregindäki bütin ýurtlara aýlanyp, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi.
4 Şonuň ýaly-da, Işaýa pygamberiň kitabynda ýazylgydyr: «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň.
5 Her dere doldurylar, her dag, depe peseldiler, egri ýollar dograldylar, çarkandakly ýollar tekizlener.
6 Bütin adamzat Hudaýyň gutaryşyny görer».
7 Ýahýa çokundyryljak bolup ýanyna gelýän halaýyga şeýle diýýärdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?
8 Indi, toba mynasyp miweler öndüriň. Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr" diýip başlamaň. Çünki men size aýdýaryn: Hudaý Ybraýyma şu daşlardan-da perzent ýaratmagy başarýandyr.
9 Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar».
10 Halaýyk ondan: «Onda, biz näme etmeli?» diýip sorady.
11 Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Azykly hem şonuň ýaly etsin» diýdi.
12 Salgytçylar-da çokundyrylmak üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli!» diýdiler.
13 Ýahýa olara: «Özüňize bellenenden artyk almaň» diýdi.
14 Esgerler-de: «Onda, biz näme etmeli?» diýip, ondan soradylar. Olara: «Hiç kimi talamaň, hiç kime töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
15 Halk garaşyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: «Bu Mesihmikä?» diýip oýlanýardylar.
16 Ýahýa hemmesine şeýle diýdi: «Men sizi suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden güýçli Biri geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem ot bilen çokundyrar.
17 Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürip, samany sönmez otda ýakar».
18 Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
19 Emma Hirodes tetrarh doganynyň aýaly Hirodiýa üçin we öz eden ähli erbet işleri üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar bolany zerarly,
20 bu ähli erbetlikleriň üstüne Ýahýany zyndana salmaklygy hem goşdy.
21 Bütin halk çokundyrylyp ýörkä, Isa-da çokundyryldy. Ol doga edip otyrka, Gök açylyp,
22 Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
23 Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady, çak edilişine görä, Ýusup ogly, Eli ogly,
24 Mattat ogly, Lewi ogly, Melki ogly, Ýannaý ogly, Ýusup ogly,
25 Mattatýa ogly, Amos ogly, Nahum ogly, Esli ogly, Naggaý ogly,
26 Maat ogly, Mattatýa ogly, Semeýn ogly, Ýoseh ogly, Ýoda ogly,
27 Ýoanan ogly, Risa ogly, Zerubabel ogly, Şealtiýel ogly, Neri ogly,
28 Melki ogly, Addi ogly, Kosam ogly, Elmadam ogly, Er ogly,
29 Ýeşu ogly, Elizer ogly, Ýorim ogly, Mattat ogly, Lewi ogly,
30 Simun ogly, Iuda ogly, Ýusup ogly, Ýonam ogly, Elýakim ogly,
31 Melea ogly, Menna ogly, Mattata ogly, Natan ogly, Dawut ogly,
32 Ýesse ogly, Obed ogly, Boaz ogly, Salmon ogly, Nahşon ogly,
33 Aminadap ogly, Ram ogly, Hesron ogly, Peres ogly, Iuda ogly,
34 Ýakup ogly, Yshak ogly, Ybraýym ogly, Teraz ogly, Nahor ogly,
35 Seruh ogly, Reu ogly, Peleg ogly, Eber ogly, Şela ogly,
36 Kainan ogly, Arfakşad ogly, Sam ogly, Nuh ogly, Lamek ogly,
37 Metuşelah ogly, Hanok ogly, Ýared ogly, Mahalaleýel ogly, Kainan ogly,
38 Enoş ogly, Şit ogly, Adam ogly, Hudaý ogludy.