Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 12

Bu aralykda halkdan müňlerçe adam üýşüşip, biri-birlerine gysylyşyp durkalar, Isa öňürti Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.
2 Üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur.
3 Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz tamlaryň üstünden yglan ediler.
4 Emma Men, eý dostlarym, size aýdýaryn, teni öldürip-de, başga zat etmegi başarmaýanlardan gorkmaň.
5 Kimden gorkmalydygyňyzy Men size aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga gudraty güýçli Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.
6 Bäş serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar.
7 Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz.
8 Size diýýärin, kim Meni adamlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder.
9 Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, ol Hudaýyň perişdeleriniň öňünde inkär ediler.
10 Kim Ynsan Ogluna garşy bir söz aýtsa, bagyşlanar, ýöne kim Mukaddes Ruha dil ýetirse, bagyşlanmaz.
11 Sizi sinagogalara, başlyklaryň, hökümdarlaryň öňüne getirenlerinde, nähili, näme jogap berjegiňizi, näme diýjegiňizi gaýgy etmäň.
12 Çünki Mukaddes Ruh näme diýmelidigiňizi şol sagadyň özünde size öwreder».
13 Halaýygyň arasyndan biri Oňa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýdi.
14 Isa oňa: «Eý adam, kim Meni siziň kazyňyz ýa miras bölüjiňiz edip belledi?» diýdi.
15 Onsoň olara: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.
16 Olara bir tymsal aýtdy: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär.
17 Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga jaýym ýok" diýip içini gepledýär.
18 Onsoň şeýle diýýär: „Şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, bütin gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnap,
19 özüme: Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek" diýerin.
20 Emma Hudaý oňa: „Eý akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň senden alnar. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?" diýýär.
21 Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir».
22 Onsoň Isa şägirtlerine şeýle nesihat berdi: «Şonuň üçin size diýýärin: näme iýerkäm diýip janyňyzy, näme geýerkäm diýip teniňizi gaýgy etmäň.
23 Jan ― iýmitden, ten egin-eşikden ýokarydyr.
24 Gargalara serediň, olar ne ekýär, ne-de orýar. Olaryň ne ammarlary, ne-de azyk saklanýan jaýlary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe gymmatlysyňyz!
25 Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?
26 Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda nämä galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz?
27 Liliýalaryň ösüşine serediň, olar ne zähmet çekýär, ne-de ýüp egirýär. Emma size diýýärin: Süleýman özüniň bütin şan-şöhratynda hem bularyň biri ýaly-da geýinmändi.
28 Bu gün meýdanda bolup, ertir ojaga taşlanýan oty Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi nähili artyk geýindirer, eý, imany azlar!
29 Siz-de näme iýjegiňizi, näme içjegiňizi agtarmaň, gaýgy etmäň.
30 Çünki dünýäniň milletleri bularyň hemmesini agtarýarlar, Ataňyz hem bularyň size gerekdigini bilýär.
31 Hudaýyň patyşalygyny agtaryň, bu zatlaryň hem bary size onuň üstüne goşulyp berler.
32 Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy.
33 Nämäňiz bar bolsa satyň, sadaka beriň. Özüňize Gökde könelmeýän kiseler, tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe degýän däldir.
34 Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar».
35 Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun.
36 Agalary toýdan gelip, gapyny kakanda, tiz oňa açmak üçin garaşýan adamlar ýaly boluň.
37 Agasy gelende, oýadygyny görjek hyzmatkärleri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol bilini guşap, olary saçak başynda oturdyp, geler-de, olara hyzmat eder.
38 Ikinji nobatda ýa-da üçünji nobatda gelip-de, olaryň oýadygyny görse, ol hyzmatkärler bagtlydyr.
39 Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa galardy we öýüni ýardyrmazdy.
40 Siz hem taýýar boluň. Çünki Ynsan Ogly oslamaýan sagadyňyzda geler».
41 Şonda Petrus: «Ýa Reb! Bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýdi.
42 Reb şeýle diýdi: «Onda, wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim?
43 Agasy gelende, onuň şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri ne bagtly!
44 Size dogrusyny aýdýaryn: agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar.
45 Bu hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler" diýip, hyzmatkärleri, kenizleri urmaga, iýip-içip serhoş bolmaga başlasa,
46 Ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, ony iki böler-de, paýyny imansyzlaryňky bilen deň eder.
47 Agasynyň islegini bilip, taýynlanmadyk, onuň islegini ýerine ýetirmedik hyzmatkär köp ýenjiler.
48 Ýöne bilmän, taýaga mynasyp iş eden az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener.
49 Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutaşyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin!
50 Meniň ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn!
51 Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, size aýdýaryn: tersine, bölünişik getirmäge geldim.
52 Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar.
53 Ata ogla garşy, ogul ata garşy, ene gyza garşy, gyz hem enä garşy, gaýynene gelne garşy, gelin hem gaýynenä garşy bolar».
54 Isa halaýyga hem şeýle diýdi: «Siz bir buludyň günbatardan galanyny gören badyňyza: „Ýagyş gelýär" diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.
55 Ýel ilerden öwsende: „Yssy boljak" diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.
56 Eý ikiýüzlüler! Ýeriň, Gögüň ýüzüni tanap bilýän siz, nähili bolýar-da, häzirki wagty tanap bilmeýärsiňiz?
57 Näme üçin öz ýanyňyzdan dogryny saýgaryp bilmeýärsiňiz?
58 Dawagäriň bilen häkime barýarkaň, ýolda onuň bilen ýaraşjak bol, ol seni kazynyň öňüne sürmesin, kazy hem seni nobatçynyň eline bermesin, nobatçy hem seni zyndana salmasyn.
59 Saňa aýdýaryn, soňkuja köpügiňi berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».