Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 19

Isa Eriha girip, onuň içinden geçip barýardy.
2 Ine, ol ýerde baş salgytçy bolan Zakkaý atly bir baý adam bardy.
3 Zakkaý Isanyň kimdigini görjek boldy, ýöne märeke zerarly görüp bilmedi, çünki boýy gysgady.
4 Şeýlelikde, Ony görmek üçin ylgap, öňe geçdi-de, bir ýabany injir agajynyň üstüne çykdy, çünki Isa şol ýoldan gelýärdi.
5 Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş, çünki Men bu gün seniň öýüňde galmaly» diýdi.
6 Ol hem tiz aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi.
7 Halaýyk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başladylar.
8 Zakkaý bolsa galyp, Rebbe: «Ine, ýa Reb! Men baýlygymyň ýarysyny garyplara berýärin. Kimiň-de zadyny aldaw bilen alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bereýin» diýdi.
9 Isa oňa şeýle diýdi: «Bu gün bu öýe gutulyş geldi, çünki bu adam hem Ybraýymyň ogullarynyň biri.
10 Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir».
11 Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Çünki Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halaýyk hem Hudaýyň Patyşalygy tiz görner diýip güman edýärdi.
12 Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düşýär.
13 Ol hyzmatkärlerinden onusyny çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň" diýip, on mina pul berýär.
14 Emma ildeşleri ony ýigrenýän eken. Onuň yzyndan ilçiler iberip: „Bu adamyň biziň üstümizden patyşalyk etmegini islemeýäris" diýýärler.
15 Ol patyşalygy alyp, yzyna gelende, kimiň näme gazananyny biljek bolup, pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyrýar.
16 Birinjisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Seniň bir minaň ýene on mina gazandy".
17 Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin, on şähere häkim bol" diýýär.
18 Ikinjisi gelip: „Aga! Seniň bir minaň ýene bäş mina gazandy" diýýär.
19 Muňa hem: „Sen-de bäş şähere häkim bol" diýýär.
20 Onsoň beýlekisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Ine, seniň bir minaň, men ony elýaglyga düwüp sakladym.
21 Çünki hyrsyz adamdygyň üçin senden gorkdum. Sen goýmadygyňy alýarsyň, ekmedigiňi orýarsyň".
22 Agasy oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyň bilen höküm ederin! Sen meniň hyrsyz adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?
23 Onda öwrülip gelenimde, peýdasy bilen alar ýaly, pulumy näme üçin pul işledýänlere bermediň?"
24 Onsoň ol ýerde duranlara diýýär: „Minany ondan alyň-da, on minala beriň".
25 Oňa: „Aga, onuň özünde on mina bar!" diýýärler.
26 Ol jogap berýär: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.
27 Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň"».
28 Isa bulary aýdyp bolansoň, öňe düşüp, Iýerusalime tarap ugrady.
29 Zeýtun diýen dagyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, şägirtlerinden ikisini ýollap, şeýle diýdi:
30 Öňüňizdäki oba baryň. Oba gireniňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Şony çözüň-de, alyp geliň.
31 Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?" diýip sorasa: „Bu taýhar Rebbe gerek" diýiň».
32 Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar.
33 Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar.
34 Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler.
35 Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar-da, Isany oňa mündürdiler.
36 Ol gidip barýarka, halk öz eginbaşlaryny ýola düşeýärdi.
37 Isa Zeýtun dagynyň eňňidine golaýlanda, şägirtleriň bary gören bütin mugjyzalaryna begenip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.
38 Olar: «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa gutly bolsun! Gökde parahatlyk, iň ýokarlarda şöhrat!» diýýärdiler.
39 Halaýygyň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňe käýe!» diýdiler.
40 Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.
41 Isa Iýerusalim şäherine golaýlanda, ony görüp aglady.
42 Diýdi: «Wah, sen, hawa, sen nämäniň özüňe parahatlyk getirjegini şu günüňde bir bilseňdiň! Ýöne ol entek seniň gözleriňden gizlin.
43 Seniň başyňa şeýle günler geler: duşmanlaryň daşyňa garymlar gazyp, seni gurşar, her ýandan gysyp-gowrar.
44 Seni, içiňdäki çagalary ýere ýegsan eder, içiňde daş üstünde daş goýmaz, çünki sen Hudaýyň özüňe gelen wagtyny bilmediň».
45 Onsoň Isa ybadathana girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady.
46 Olara: «„Meniň öýüm doga öýüdir" diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryň sürenine öwürdiňiz» diýdi.
47 Ol her gün ybadathanada sapak berýärdi. Baş ruhanylar, kanunçylar we halkyň baştutanlary bolsa Ony heläk etmegiň küýündediler.
48 Ýöne munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, çünki bütin halk Onuň agzyna garaýardy.