Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 11

Günleriň birinde Isa bir ýerde doga edýärdi. Dogasyny gutaranda, şägirtleriniň biri Oňa: «Ýa Reb! Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize doga etmegi öwret» diýdi.
2 Olara şeýle diýdi: «Doga edeniňizde şeýle diýiň: Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin, Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn.
3 Gündelik çöregimizi bize günde ber.
4 Günälerimizi geç. Çünki biz hem özümize garşy günä edenleriň barynyň günäsini geçýäris. Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et».
5 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň bir dostuňyz bar. Ol ýarygije oňa baryp, şeýle diýýär: „Dost! Maňa üç çörek karz ber.
6 Çünki bir dostum ýoldan meniňkä geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok".
7 Ol hem içerden şeýle diýýär: „Maňa zähmet berme, gapy eýýäm ýapyldy, çagalarym meniň bilen bile düşekde ýatyr, men turup, saňa zat berip biljek däl".
8 Size diýýärin, ýaňky dostluk hatyrasyna turup, oňa çörek bermese-de, onuň höçjetligi üçin näçe islese berer.
9 Size diýýärin, diläň, size berler. Agtaryň, taparsyňyz. Gapyny kakyň, size açylar.
10 Çünki her dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana gapy açylar.
11 Sizden haýsy ata ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände, balyk ýerine oňa ýylan berer?
12 Ýa-da ýumurtga dilände, oňa içýan berer?
13 Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!»
14 Bir gezek Isa bir lal jyny kowýardy. Jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halaýyk muňa geňirgendi.
15 Ýöne olaryň käbiri: «Ol jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler.
16 Beýlekiler hem Gökden bir alamat görkezmegini talap edip, Ony synamakçy boldular.
17 Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölnen öý ýykylar.
18 Şeýtan öz içinden bölünse, onuň patyşalygy nähili durar? Muny siziň „Jynlary Beýelzebul arkaly kowýar" diýýäniňiz üçin aýdýaryn.
19 Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýar? Munuň üçin, olar size kazylyk ederler.
20 Men jynlary Hudaýyň barmagy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Patyşalygy size gelendir.
21 Doly ýaraglanan bir güýçli adam öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzlykdadyr.
22 Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny alyp, oljasyny paýlar.
23 Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar.
24 Al-arwah adamdan çykanda, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne ony tapmanda: „Çykan öýüme öwrüleýin" diýýär.
25 Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär.
26 Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy ozalkysyndan hem erbet bolýar».
27 Isa bu zatlary aýdyp durka, halaýygyň arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene ne bagtly!» diýdi.
28 Ol bolsa şeýle jogap berdi: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony ýerine ýetirýänler has hem bagtlydyr!»
29 Halaýyk ýygnanyberende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesil, ol alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
30 Ýunus Ninewiýa halkyna nähili alamat bolan bolsa, şonuň ýaly-da, Ynsan Ogly bu nesle alamat bolar.
31 Günortanyň aýal patyşasy höküm gününde bu nesliň adamlary bilen bilelikde galyp, olary höküm eder. Çünki ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, Ýeriň ol ujundan geldi, ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar.
32 Ninewiýa halky höküm gününde bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba etdiler, ine, bu ýerde Ýunusdan-da uly Biri bar».
33 Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da galla ölçeginiň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.
34 Seniň bedeniň çyrasy gözüňdir. Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, bütin bedeniň hem garaňky bolar.
35 Şeýlelikde, ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn.
36 Seniň bütin bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».
37 Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Ol baryp, saçak başynda oturdy.
38 Fariseý Onuň nahardan öň ýuwunmanlygyny görende geňirgendi.
39 Emma Reb oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, ýöne içiňiz ogrulyk hem ýamanlykdan doly.
40 Akmaklar! Daşaryny ýaradan içerini-de ýaratmadymy?
41 Bar zadyňyzdan sadaka beriň, ine, hemmesi siziň üçin arassa bolar.
42 Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz narpyzdan, sadap otundan, her hili gök önümden zekat berýärsiňiz, ýöne adyllyk we Hudaýyň söýgüsini äsgermezlik edýärsiňiz. Siz bulary etmeli, beýlekileri-de äsgermezlik etmeli däldiňiz.
43 Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazar ýerlerinde salam almagy söýýärsiňiz.
44 Waý günüňize! Çünki siz belgisiz gabyrlar ýalysyňyz. Bu gabyrlaryň üstünde gezýän adamlar olaryň barlygyny bilýän däldir».
45 Kanunçylaryň biri Oňa: «Eý Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi.
46 Isa hem şeýle diýdi: «Waý siziň hem günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz götermegi kyn ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere bir barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz.
47 Waý günüňize! Çünki siz pygamberleriň guburlaryny salýarsyňyz, olary öldürenler bolsa siziň atalaryňyz.
48 Şeýdip hem, atalaryňyzyň eden işlerine güwälik berip, olar bilen ylalaşýarsyňyz. Olar pygamberleri öldürdiler, siz hem olaryň guburlaryny salýarsyňyz.
49 Şu sebäpden hem Hudaýyň hikmeti aýdypdyr: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar".
50 Şonuň üçin, dünýä gurlaly dökülen bütin pygamberleriň gany şu nesilden soralar.
51 Hawa, Men size aýdýaryn: Habylyň ganyndan başlap, tä gurbanlyk edilýän ýer bilen ybadathana arasynda öldürilen Zekerýanyň ganyna çenli dökülen ganlar şu nesilden soralar.
52 Waý günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz, ne özüňiz girdiňiz, ne-de girjeklere ýol berdiňiz».
53 Isa ol ýerden gidensoň, kanunçylar bilen fariseýler Ony gaty gyssap, birentek zatlara jogap bermegini islediler.
54 Şeýlelikde, Onuň agzyndan bir zat gapjak bolup, duzak gurdular.