Bap 6
Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy.
2 Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy.
3 Her hatarda on bäş, jemi kyrk bäş sany pürs sütünleriň üstünde goýuldy. Ol köşgüň üçegi kedr tagtalary bilen basyryldy.
4 Liwan jeňňeli atly köşgüň biri-birine bakyp duran üç hatar penjireleri bardy.
5 Ähli gapylar we gapy söýeleri dört burçlydy. Olar biri-birine gapma-garşy, üç hatardy.
6 Süleýman uzynlygy elli tirsek, ini otuz tirsek bolan sütünler eýwanyny gurdy. Onuň öňünde sütünler bilen dikilen, üsti basyrylan dalan bardy.
7 Soňra ol Tagt zalyny, ýagny höküm çykarylýan ýer bolan Höküm zalyny gurdy. Ol bir diwaryň dyrnagyndan beýleki diwaryň dyrnagyna çenli kedr tagtalary bilen örtülendi.
8 Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda bir meňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly, fyrownyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi.
9 Bularyň barysy daşardan köşgüň howlusyna, binadan çykyda çenli tutuşlygyna ölçege görä ýonulyp, ýargy bilen iki tarapy-da tekizlenen gymmatbaha daşlardan gurulandy.
10 Bina gymmatbaha daşlardan, uly daşlardan, sekiz, on tirseklik daşlardan gurulandy.
11 Bina daşlarynyň üstünden ölçege görä ýonulan gymmatbahaly daşlar we kedr tagtalary goýuldy.
12 Köşgüň howlusynyň töweregindäki haýatlar edil Rebbiň öýüniň içki howlusy we öýüň eýwany ýaly üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr tagtasy bilen örülendi.
13 Süleýman patyşa adam iberip, sorly Hiramy getirtdi.
14 Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem sorly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady.
15 Hiram iki sany bürünç sütün ýasady. Her sütüniň beýikligi on sekiz tirsek, töweregi on iki tirsekdi.
16 Ol şeýle hem sütünleriň depesinde goýmak üçin bürünçden guýulan iki sany täç ýasady. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi.
17 Sütünleriň depesindäki täçler tor şekilli örme zynjyrlar bilen bezelendi.
18 Ol her sütüniň depesindäki täçleriň üstüni bürär ýaly, her örme zynjyryň töweregine bürünçden ýasalan iki hatar nar aýlady.
19 Eýwandaky sütünleriň depesindäki täçler liliýa gülüniň şekilinde bolup, olaryň beýikligi dört tirsekdi.
20 Täçler iki sütüniň hem-de örme zynjyrlaryň ýokarsyndaky tegelek güberçek ýerde goýuldy. Her täjiň töweregine hatarlap, iki ýüz nar aýlandy.
21 Ol sütünleri ybadathananyň eýwanynda dikdi. Ol günortada sütün dikip, onuň adyna Ýakyn dakdy. Ol demirgazykda-da sütün dikip, onuň adyna Bowaz dakdy.
22 Sütünleriň depesinde liliýa şekilli nagyşlar bardy. Şeýdip, sütünleriň işi tamamlanyldy.
23 Soňra ol guýulan, bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligi bäş tirsek bolan bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi.
24 Howzuň erňeginiň aşak ýanynda her biri on tirsek bolan kädi şekilli nagyşlar iki hatar edilip, onuň tutuş töweregi bilen aýlanandy. Olaryň bary bile guýlup ýasalandy.
25 Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilipdi. Öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy.
26 Howzuň galyňlygy dört barmakdy, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol ýedi ýüz hum tutýardy.
27 Ol on sany bürünç araba ýasady. Arabalaryň hersiniň uzynlygy, ini dört tirsek, beýikligi üç tirsekdi.
28
29 Arabalaryň şekili şunuň ýalydyr: daşy çarçuwalanan, dört gyraňly tagtalar ýasalyp, olara ýolbarslaryň, öküzleriň we keruplaryň şekilleri haşamlanypdyr. Ýolbarslaryň we öküzleriň ýokarsyndaky we aşagyndaky çarçuwalara, egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy.
30 Her arabanyň dört bürünç tigri, bürünç oklary bardy; dört burçunda hem legeni saklamak üçin çykytlar bardy; çykytlaryň her gapdalyna egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy.
31 Her arabanyň ýokarsynda çarçuwajyga salnan tegelek agyz ýasaldy. Onuň beýikligi bir tirsekdi; onuň agzy tegelek bolup, ini bir ýarym tirsekdi; onuň agzynda haşamlar bardy, gapdallary tegelek däl-de dörtburçlydy.
32 Dört tigir gapdal tagtalaryň aşagyndady, tigirleriň oklary araba bilen bile guýlup ýasalandy. Tigriň beýikligi bir ýarym tirsekdi.
33 Tigirleriň ýasalyşy at arabalaryň tigirleriniň ýasalyşy ýalydy; olaryň oklarynyň, gurşawlarynyň, keýeleriniň, toplarynyň bary bile guýlup ýasalandy.
34 Her arabanyň dört burçunda dört çykyt bardy. Çykytlar araba bilen bile guýlup ýasalandy.
35 Arabanyň üstünde ýarym tirsek beýiklikdäki tagta sekisi bardy; arabanyň üstündäki tutawaçlar hem-de gapdal tagtalary araba bilen bile guýlup ýasalandy.
36 Onuň çykytlarynyň hem-de gapdal ýüzüniň açyk ýerlerine haşamlanan keruplaryň, arslanlaryň hem-de palma agajynyň nagşy salnandy. Olaryň daşyna egrem-bugram şekiller haşamlanyp salnandy.
37 Ine, Hiram on arabany şeýle ýasady. Olaryň barynyň guýluşy hem, ölçegi hem, şekili hem birdi.
38 Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş gorküýze tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy.
39 Ol arabalaryň bäşisini Rebbiň öýüniň günortasynda, beýleki bäşisini-de öýüň demirgazygynda goýdy. Ol howzy öýüň günorta-gündogar burçunda goýdy.
40 Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin ähli etmeli işlerini tamamlady.
41
42
43
44 Iki sütüni sütünleriň depesinde iki sany jam şekilli täji, sütünleriň depesindäki şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, iki sany örme zynjyr üçin dört ýüz nary, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki sany täjiň üstüni örtmek üçin her örme zynjyr üçin iki hatar nary, on arabany, arabanyň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady.
45 Gazanlar, kül atarlar, legenler we Hiramyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren gaplarynyň bary ýalpyldawuk bürünçdendi.
46 Patyşa bu gaplary Iordanyň düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde bürünçden guýdurdy.
47 Süleýman bu bürünç gap-gaçlarynyň agramyny çekdirmedi, çünki olar juda köpdi; Olaryň agramyny hiç kim anyklamady.
48 Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýündäki ähli gap-gaçlary, altyndan edilen gurbanlyk sypany, üstünde hödür çöregi goýulýan altyn han tagtasyny ýasady.
49
50 Içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady.
51 Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin edilmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny, gap-gaçlary getirip, Rebbiň öýündäki hazynada goýdy.