Bap 18
Birnäçe wagt geçenden soň, guraklygyň üçünji ýylynda, Reb Ylýasa şeýle diýýär: «Bar, Ahabyň ýanyna git; Men ýurda ýagyş ýagdyrjak».
2 Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samarýada açlyk gaty gazaplydy.
3 Ahap köşgi dolandyrýan Abadýany çagyrdy.
4 (Abadýa bütin kalby bilen Rebbe ybadat edýärdi. Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürýärkä, Abadýa ýüz pygamberi äkidip, elli-elliden iki gowakda gizläp, çörek, suw bilen üpjün edipdi).
5 Onsoň Ahap Abadýa şeýle diýdi: «Sen git-de, ýurduň bütin çeşmelerine, bütin ýaplaryna aýlan, belki, ot tapyp, atlary, gatyrlary we mal-garany horlamarys».
6 Şeýdip, olar aýlanmak üçin ýurdy öz aralarynda paýlaşdylar. Ahabyň we Abadýanyň hersi bir tarapa gitdiler.
7 Abadýa ýolda Ylýas pygambere duşdy. Abadýa ony tanap, öňünde baş egip, oňa şeýle diýdi: «Jenabym Ylýas, bu senmisiň?»
8 Ylýas oňa: «Hawa, bu mendirin, bar, sen git-de, öz jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt» diýdi.
9 Abadýa oňa şeýle jogap berdi: «Guluňy Ahabyň eline berip öldüreriň ýaly men näme günä etdim?
10 Hudaýyň Rebden ant içýärin, jenap patyşanyň seni idäp, adam ibermedik ýurdy galmady. Her ýurduň baştutany: „Ylýas bu ýurtda däl“ diýip habar berende, Ahap oňa ant içirdi.
11 Ýöne häzir sen maňa: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt“ diýýärsiň.
12 Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip geldi.
13 Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?
14 Sen indi: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt diýýärsiň“. Ol meni hökman öldürer».
15 Ylýas: «Gulluk edýän Hudaýym Hökmürowan Rebden ant içýärin, men şu gün oňa hökman görnerin» diýdi.
16 Şeýdip, Abadýa Ahabyň ýanyna gidip, oňa Ylýas barada habar berdi. Ahap Ylýas pygamberiň ýanyna gitdi.
17 Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi.
18 Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz.
19 Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».
20 Şeýdip, Ahap bütin ysraýyl halkyna çaparlar ýollap, ähli pygamberleri Karmel dagyna ýygnady.
21 Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýýär: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Beýik Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmaýar.
22 Soňra Ylýas halka şeýle diýýär: «Rebbiň pygamberlerinden men, diňe men galdym, ýöne Bagalyň pygamberleri dört ýüz ellidir.
23 Goý, bize iki öküz bersinler. Bagalyň pygamberleri bir öküzi saýlap alyp, ony dograp, odunyň üstünde goýsunlar, ýöne ot ýakmasynlar; men hem beýleki öküzi taýýarlap, ony odunyň üstünde goýaryn, ýöne ot ýakmaryn.
24 Onsoň siz öz hudaýyňyzdan, men hem Rebbe dileg ederin. Haýsy hudaý ot bilen jogap berse, şol hakyky Hudaýdyr». Bütin halk bu pikiri makullaýar.
25 Onsoň Ylýas Bagal butunyň pygamberlerine şeýle diýýär: «Özüňize bir öküz saýlaň-da, siz ony öňürti taýýarlaň, çünki siz köp. Onsoň hudaýyňyza dileg ediň, ýöne ot ýakmaň».
26 Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam edýärler, ýöne ses-üýn bolmaýar, jogap beren-de bolmaýar.
27 Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýýär: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukydadyr, ony oýarmak gerekdir».
28 Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaralaýarlar.
29 Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden bolýarlar, ýöne ses-üýn bolmaýar, jogap beren-de bolmaýar.
30 Onsoň Ylýas bütin halka: «Meniň ýanyma geliň» diýýär. Olar onuň ýanyna gelýärler. Ylýas ilki bilen Rebbiň ýykylan gurbanlyk sypasyny dikeldýär.
31 Ylýas Ýakubyň ogullarynyň tireleriniň sanyna görä on iki sany daş aldy, çünki Ýakuba Rebbiň «Seniň adyň Ysraýyl bolar» diýen sözi gelipdi.
32 Ol şol daşlardan Rebbe gurbanlyk sypasyny gurýar. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň töwereginde iki kersen tohum sygjak çukur gazýar.
33 Ondan soň ol odunlary bir ýere üýşürip, öküzi soýup bölekleýär-de, olary odunlaryň üstünde goýýar. Soňra ol: «Dört çelegi suwdan dolduryň-da, olary ýakma gurbanlygynyň üstüne we odunlaryň üstüne döküň» diýýär.
34 Ylýas pygamber: «Muny ýene bir gezek gaýtalaň» diýýär. Olar suwy ikinji gezek gaýtalap guýýarlar. Ol: «Muny üçünji gezek gaýtalaň» diýýär. Olar suwy üçünji gezek guýýarlar.
35 Şeýdip, suw gurbanlyk sypasynyň töweregine akyp, çukury doldurýar.
36 Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg edýär: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýyl Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.
37 Dilegimi eşit, ýa Reb, maňa jogap ber! Bu halk Sen Rebbiň Hudaýdygyňy we olary yzlaryna, Özüňe çagyrýandygyňy bilsin».
38 Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrýar, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlaýar.
39 Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Beýik Hudaýdyr! Beýik Hudaýdyr!» diýýär.
40 Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýýär. Adamlar olaryň baryny tutýarlar. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürýär.
41 Ylýas Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýdi.
42 Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy.
43 Ylýas pygamber öz hyzmatkärine: «Bar, deňze tarap seret» diýdi. Hyzmatkär deňze tarap seretdi-de: «Ol ýerde görünýän zat ýok» diýdi. Ol hyzmatkärine şol bir hereketi ýedi gezek gaýtalamagy buýurdy.
44 Ýedinji gezekde hyzmatkär: «Seret, deňizden eliň aýasy kimin bir bölejik bulut ýokary galyp barýar» diýdi. Onsoň Ylýas pygamber hyzmatkärine: «Git-de, Ahaba at arabasyny taýýarlap, öýüne gitmegini tabşyr, ýogsam ýagyş ony ýolundan saklar» diýdi.
45 Bir salymdan soň asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, ýel turup, güýçli ýagyş ýagdy. Ahap arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gitdi.
46 Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.