Bap 22
Üç ýyllap Aram bilen Ysraýylyň arasynda hiç hili uruş bolmady.
2 Üçülenji ýyl Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna geldi.
3 Ysraýyl patyşasy Ahap öz adamlaryna: «Siz Ramotgilgadyň bize degişlidigini bilýärsiňizmi? Ramotgilgady Aram patyşasynyň elinden almak üçin biz entek hiç zat edemizok» diýdi.
4 Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat ysraýyl patyşasyna: «Menem, halkam, atlaram seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.
5 Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi.
6 Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.
7 Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.
8 Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapata şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.
9 Onsoň ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi.
10 Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samarýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler.
11 Kenaganyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, Reb şeýle diýýär: «Sen şu şahlar bilen aramlylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň» diýdi.
12 Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.
13 Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa bir agyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.
14 Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.
15 Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da etmälimi?» diýip sorady. Mikaýa: «Hüjüm et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi.
16 Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.
17 Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».
18 Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.
19 Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.
20 Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.
21 Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“.
22 Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.
23 Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».
24 Onsoň Kenaganyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.
25 Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.
26 Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna–galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber.
27 Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».
28 Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.
29 Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler.
30 Ysraýyl patyşasy Ýehoşapata: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi.
31 Aram patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.
32 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapaty görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy.
33 Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar.
34 Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýylyň patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi.
35 Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Patyşa öz arabasynda aramlylara tarap bakyp durdy. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içi bilen aşaklygyna syrylyp akýardy; ol agşamara öldi.
36 Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.
37 Şeýdip, patyşa öldi. Ahap patyşany Samarýa getirip, şol ýerde jaýladylar.
38 Ahabyň söweş arabasy Samarýa howzunyň başynda ýuwlup, onuň ganyny itler ýalap, jelepler-de şol howuzda suwa düşdüler. Şeýdip, Rebbiň Ahap baradaky ähli aýdanlary berjaý boldy.
39 Ahabyň galan işleri, ähli eden işleri, pil dişinden guran köşgi we ähli guran galalary barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
40 Şeýdip, Ahap ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ahazýa onuň ýerine patyşa boldy.
41 Ysraýyl patyşasy Ahabyň şalygynyň dördünji ýylynda Asanyň ogly Ýehoşapat Ýahuda patyşa boldy.
42 Ýehoşapat Ýahuda patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Azuba. Ol Şilhiniň gyzydy.
43 Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işleri edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky sežde edilýän ýerler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
44 Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.
45 Ýehoşapatyň galan işleri, görkezen gaýduwsyzlygy we eden söweşleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
46 Ýehoşapat kakasy Asanyň günlerinde goýbolsun edilen buthananyň azgyn erkekleriniň galanyny ýurtdan doly ýok etdi.
47 Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy.
48 Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady.
49 Şonda Ahabyň ogly Ahazýa Ýehoşapata: «Goý, meniň adamlarym seniň adamlaryň bilen gämilerde gitsinler» diýdi. Emma Ýehoşapat munuň bilen razylaşmady.
50 Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol atasy Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onuň ornuna ogly Ýoram patyşa boldy.
51 Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ahabyň ogly Ahazýa Samarýada Ysraýyla patyşa boldy; ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.
52 Ahazýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, öz ejesiniň, kakasynyň hem-de Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň ýollaryndan ýöredi.
53 Ol Bagala sežde etdi we edil öz kakasy ýaly, ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.