1 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 15

Nebadyň ogly Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýam Ýahuda patyşa boldy.
2 Abyýam Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy.
3 Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady.
4 - 5 Muňa garamazdan Abyýamyň Hudaýy Reb Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly ogul berdi. Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga, bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.
6 Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda başlan uruş, Abyýamyň ömürboýy dowam etdi.
7 Abyýamyň galan işleri we ähli eden işleri Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
8 Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy.
9 Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Asa Ýahuda patyşa boldy.
10 Asa Iýerusalimde kyrk bir ýyl patyşalyk etdi; onuň enesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy.
11 Asa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
12 Asa buthananyň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi.
13 Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron çaýynda ýakdy.
14 Emma Ysraýyldaky sežde edilýän ýerler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy.
15 Ol kakasynyň hem-de özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny kümşi, altyny we gap-gaçlary Rebbiň öýüne getirdi.
16 Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerine uruş etdiler.
17 Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi.
18 Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Aram patyşasy Benhadada iberdi.
19 Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen git-de, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».
20 Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelbeýtmagakany, tutuş Naftaly ýurdy bilen birlikde bütin Kinnereti basyp aldy.
21 Bagşa muny eşidende, Ramany berkitmekden el çekip, Tirsada mesgen tutdy.
22 Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi.
23 Asanyň galan ähli işleri, onuň gaýduwsyz edermenlikleri, ähli eden işleri we berkiden galalary barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Gojalan çagynda, ol aýakdan dert çekdi.
24 Asa ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, atasy Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy.
25 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Nadap Ysraýyla patyşa boldy. Ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.
26 Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.
27 Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar.
28 Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy.
29 Ol patyşa bolan dessine Ýarobamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.
30 Bu Ýarobgamyň ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.
31 Nadabyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
32 Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerini urşup geçirdiler.
33 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Ahyýanyň ogly Bagşa Tirsada bütin Ysraýylyň üstünden patyşalyk edip, ýigrimi dört ýyl höküm sürdi.
34 Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.