Bap 20
Aramyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, uruş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samarýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi.
2 Benhadat gala ysraýyl patyşasy Ahaba çaparlardan şeýle habar ýollady.
3 Benhadat Ahaba: «Seniň kümşüň, altynyň meniňkidir; seniň iň owadan aýallaryň we iň güýçli ogullaryň-da meniňkidir» diýdi.
4 Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadata şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir».
5 Çaparlar ýene-de Ahabyň ýanyna dolanyp gelip: «Benhadat şeýle diýýär diýdiler: „Men saňa adam iberip, kümşüňi, altynyňy, aýallaryňy, çagalaryňy maňa getirip ber diýdim.
6 Muňa garamazdan, men ertir şu wagtlar emeldarlarymy seniň ýanyňa ibererin. Olar seniň köşgüňi we seniň adamlaryň öýlerini döküp, gözlerine ýakan zatlaryny alyp gaýdarlar“» diýdi.
7 Onsoň ysraýyl patyşasy ýurduň ähli ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle ýüzlendi: «Serediň! Bu adam pislik agtarýar! Ol çaparlar ýollap, meniň aýallarymy, ogullarymy, altyn-kümşümi talap etdi, men-de boýun gaçyrmadym».
8 Onsoň ähli ýaşulular we halk Ahaba: «Benhadata gulak asma we onuň bilen ylalaşma» diýdiler.
9 Şeýlelik bilen Ahap Benhadadyň çaparlaryna şeýle diýdi: «Jenabym patyşa şeýle diýiň: „Bu guluňdan ilki soran zatlaryňy bererin, ýöne seniň meniň köşgümi we ähli adamlaryň öýlerini döküp, gözüňe ýakan zatlaryňy alyp gitmek pikiriň bilen ylalaşmaýaryn“». Çaparlar gidip, oňa bu jogaby ýetirdiler.
10 Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samarýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samarýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».
11 Ysraýylyň patyşasy Benhadata şeýle jogap berdi: «Söweşe ugraýan söweşden üstün çykyp, yzyna dolanyp gelýän esger kimin öwünmeli däldir».
12 Benhadat bu habary eşidende, hanlar bilen çadyrda şerap içip otyrdy. Ol öz esgerlerine: «Nyzama duruň» diýdi. Olar gala hüjüm etmäge nyzama durdular.
13 Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.
14 Ahap ol pygamberden: «Bu ýeňiş kimiň üsti bilen gazanylar?» diýip sorady. Ol pygamber: «Bu ýeňiş welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleriň üsti bilen gazanylar» diýip jogap berdi. Onsoň Ahap: «Urşy kim başlar?» diýip sorady. Pygamber: «Sen başlarsyň» diýip jogap berdi.
15 Onsoň Ahap welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleri toplady, olar iki ýüz otuz ikidiler. Ondan soň ol Ysraýylyň bütin goşunyny toplady, olar ýedi müňdüler.
16 Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çatmada şerap içip, serhoş bolup otyrdy.
17 Benhadatyň Samarýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samarýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler.
18 Benhadat: «Ýaraşyk üçin gelenem bolsalar, uruşmak üçin gelenem bolsalar olary diri tutuň» diýdi.
19 Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler eýýäm ýörişe çykypdylar. Ysraýyl goşuny-da olaryň yzy bilen gelýärdi.
20 Olaryň hersi öz garşydaşyny öldürdi. Aramlylar gaçdylar, ysraýyl goşuny olaryň yzlaryndan kowdy. Aram patyşasy Benhadat atly beýleki söweş arabaly goşuny bilen gaçyp gutuldy.
21 Ysraýyl patyşasy Ahabyň baştutanlygyndaky ysraýyl goşuny ýörişe çykyp, aramlylaryň atly goşunynyň we söweş arabalarynyň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi.
22 Soňra pygamber ysraýyl patyşasynyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Git-de, güýç topla, seresaply meýilnama düz, çünki indiki baharda Aram patyşasy Benhadat täzeden seniň üstüňe hüjüm eder».
23 Aram patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys.
24 Sen şeýle hem patyşalary aýryp, olaryň ýerine welaýat häkimlerini belle.
25 Söweşde ýitiren uly goşunyň ýaly täzeden, şol bir mukdardaky atly we söweş arabaly ägirt uly goşun topla. Soňra olar bilen düzlükde uruş ederis, biz hökman olardan üstün çykarys». Patyşa olaryň sözüni diňläp, aýdyşlary ýaly hem etdi.
26 Bahar paslynda Benhadat Aram goşunyny toplap, Ysraýylyň garşysyna uruş etmek üçin Apege gitdi.
27 Ysraýyl goşuny toplanyp, azyk bilen üpjün edilenden soň, olar aramlylaryň garşysyna çykdylar. Ysraýyllar olaryň garşysynda iki kiçi geçi sürüsi kimin nyzama durdular. Aramlylaryň goşuny bolsa tutuş düzlügi doldurdy.
28 Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Aramlylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.
29 Olar ýedi günläp, biri-biriniň garşysynda düşlediler. Onsoň ýedinji güni uruş başlanyp, ysraýyllar bir günüň içinde aramlylaryň ýüz müň pyýada goşunyny gyrdylar.
30 Aramlylaryň aman galanlary Apek galasyna gaçyp girdiler. Gala gaçyp giren ýigrimi ýedi müň adamyň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat hem gala gaçyp, ol şol ýerdäki bir içki otagda gizlendi.
31 Benhadadyň emeldarlary oňa: «Ysraýylyň patyşalary, rehimli patyşalar diýip eşitdik. Geliň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, özümiziň boýun egýändigimizi görkezmek üçin ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna gideliň, belki-de, ol seni diri galdyrar».
32 Şeýdip, olar jul geýnip, boýunlaryna ýüp salyp, ysraýyl patyşasynyň ýanyna baryp: «Seniň guluň Benhadat: „Haýyş edýärin, meni öldürme“ diýýär» diýdiler. Ahap: «Ol entäk dirimi? Ol maňa dogan ýalydyr» diýdi.
33 Benhadadyň emeldarlary patyşadan ýagşy söze garaşýardylar. Olar patyşanyň agzyndan çykan dogan sözüni eşiden batlaryna, ony agzyndan kakyp alyp: «Hawa, Benhadat saňa dogan ýalydyr» diýdiler. Onsoň Ahap: «Baryň gidiň-de, Benhadady meniň ýanyma getiriň» diýdi. Şeýdip, Benhadat Ahap patyşanyň ýanyna geldi. Ahap Benhadady öz söweş arabasyna mündürdi.
34 Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samarýada bazarlar gurşy ýaly sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.
35 Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.
36 Onsoň ol pygamber beýleki pygambere: «Rebbiň sözüne gulak asmandygyň üçin sen meniň ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ýaňky pygamber beýleki pygamberiň ýanyndan gitdi. Ýolda oňa bir ýolbars gabat gelip, ony öldürdi.
37 Soňra ol başga bir adamy tapyp, oňa: «Meni ur» diýdi. Şeýdip, ol adam pygamberi urup, ony ýaralady.
38 Soňra pygamber gözlerini sargy bilen daňyp, ýoluň boýunda patyşa garaşdy.
39 Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi.
40 Men – guluň odur-budur işe güýmenip ýörkä, ýaňky adam ýitirim boldy». Ysraýyl patyşasy oňa: «Saňa edil öz aýdyşyň ýaly jeza berler» diýdi.
41 Pygamber haýal etmän gözlerindäki sargyny aýyrdy. Ysraýyl patyşasy bolsa dessine onuň pygamberleriň biridigini bildi.
42 Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi.
43 Ysraýylyň patyşasy Ahap ýüzüni sortduryp, gaharly Samarýa öz öýüne gitdi.