Bap 12
Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi.
2 Nebadyň ogly Ýarobgam bu habary eşidenden soň, (ol heniz Müsürdedi, çünki ol şol ýere Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi), ol Müsürden gaýdyp geldi.
3 Tutuş ysraýyl jemagaty Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa:
4 «Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýdiler.
5 Rehabgam ysraýyl halkyna: «Gidiň-de, ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
6 Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşululary bilen geňeşip, olardan: «Bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady.
7 Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşy hyzmat edip, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler.
8 Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi.
9 Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi.
10 Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.
11 Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulmy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
12 Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýşi ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.
13 Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi.
14 Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulmy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».
15 Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
16 Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.
17 Emma Rehabgam diňe Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi.
18 Rehabgam patyşa gullaryň baştutany Adoramy Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi.
19 Şeýdip, Demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärdiler.
20 Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady.
21 Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Süleýmanyň ogly Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama goşun toplady.
22 Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi geldi:
23 «Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerine hem-de galan halka
24 Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler.
25 Onsoň Ýarobgam Efraýym daglyk ýurdunda Şekem galasyny bina edip, şol ýerde mesgen tutdy. Soňra ol Şekemden gidip, Penuwaly bina etdi.
26 Onsoň Ýarobgam öz içinden şeýle diýdi: «Indi patyşalyk ýene-de Dawudyň nesillerine gaýdyp geler.
27 Eger bu halk Rebbiň öýünde gurbanlyk bermek üçin Iýerusalime gitmegini dowam etdirse, onda olaryň ýüregi öz jenaby, Ýahuda patyşasy Rehabgama tarap öwrüler. Olar meni öldürip, Rehabgamyň ýanyna öwrülip bararlar».
28 Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».
29 Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy.
30 Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler.
31 Ýarobgam şeýle hem sežde edilýän ýerler gurup, lewilerden bolmadyk adamlardan ruhanylar belledi.
32 Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran sežde edilýän ýerlerine ruhanylar belledi.
33 Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi.