1 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 14

Şol wagtlarda Ýarobgamyň ogly Abyýa syrkawlady.
2 Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy.
3 Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».
4 Ýarobgamyň aýaly şeýle-de etdi. Ol Şilo gidip, Ahyýanyň öýüne bardy. Ahyýa kördi, çünki gojalykdan ýaňa onuň gözleri çöňňelipdi.
5 Onsoň Reb Ahyýa: «Ýarobgamyň aýaly syrkaw ogly hakda soramaga geler» diýdi. Reb Ahyýa Ýarobgamyň aýalyna näme jogap bermelidigini aýtdy. Ol gelende, nätanyş aýal bolup geldi.
6 Emma ol aýal gapydan girip gelýärkä, Ahyýa onuň aýak sesini eşidip: «Eý, Ýarobgamyň aýaly, içeri giriber. Sen näme üçin nätanyş aýal bolan bolýarsyň? Mende seniň üçin gaty erbet habar bar.
7 Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim.
8 Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň öňümde dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň.
9 Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma, altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň.
10 Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.
11 Ýarobgamyň nesilleriniň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer, çünki Reb şeýle diýdi“.
12 Indi sen tur-da, öýüňe git. Sen gala aýak basan badyňa, ogluň öler.
13 Bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutup, ony jaýlar. Ýarobgamyň maşgalasyndan diňe şu oglan däbe görä jaýlanar. Çünki Ýarobgamyň neslinden diňe şu oglan Ysraýyl Hudaýy Rebbiň göwnünden turdy.
14 Reb Özi üçin Ysraýylyň üstünden bir patyşa goýar. Ol Ýarobgamyň neslini hut şu gün, edil şu pursatda ýok eder.
15 Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Perat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar keramatly Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getiripdiler.
16 Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».
17 Soňra Ýarobgamyň aýaly yzyna gaýtdy. Ol Tirsa gelip, öýüniň işigine ýeten badyna, onuň çagasy ýogaldy.
18 Bütin ysraýyl halky çagany jaýlap, onuň ýasyny tutdular. Şeýdip, Rebbiň Öz guly Ahyýa pygamber arkaly aýdan sözi amala aşdy.
19 Ýarobgamyň galan işleri, onuň eden söweşleri we nähili patyşalyk edendigi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
20 Ýarobgam ýigrimi iki ýyl patyşalyk etdi. Ol ata-babalaryna gowuşdy. Onuň ýerine ogly Nadap patyşa boldy.
21 Süleýmanyň ogly Rehabgam Ýahudada patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady; ol Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlan şäheri Iýerusalimde on ýedi ýyl patyşalyk etdi. Ejesi ammonly bolup, onuň ady Nagamady.
22 Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebde gabanjaňlyk döretdiler.
23 Çünki olar hem her bir baýyrda, her bir uly kölegeli daragtyň astynda özlerine sežde edilýän ýerleri, daş sütünlerini hem-de keramatly Aşera butlaryny gurdular.
24 Şeýle hem ýurtda buthananyň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.
25 Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi.
26 Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.
27 Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.
28 Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary göterip getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.
29 Rehabgamyň galan işleri we ähli eden işleri barada Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
30 Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy.
31 Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy.