Bap 16
Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi geldi:
2 «Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň.
3 Şonuň üçin hem Men Bagşany we onuň bütin nesillerini Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri ýaly ýok ederin.
4 Bagşanyň nesillerinden galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer».
5 Bagşanyň galan işleri, onuň edermenlikleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
6 Bagşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Tirsada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ela onuň ýerine patyşa boldy.
7 Bagşanyň Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Rebbiň gaharyny getirip, onuň Ýarobgamyň nesilleri ýaly bolandygy we şeýle hem onuň Ýarobgamyň nesillerini öldürendigi üçin, Hananynyň ogly Ýehu pygambere, Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi geldi.
8 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi altynjy ýylynda Bagşanyň ogly Ela Tirsada Ysraýyla patyşa bolup, iki ýyl şalyk sürdi.
9 Ela Tirsada öz köşk emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrka, Zimri oňa garşy dildüwşük gurdy. Zimri söweş arabalarynyň ýarysynyň serkerdesidi.
10 Zimri gelip, Elany öldürdi we onuň özi onuň ornuna patyşa boldy. Bu waka Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda bolup geçdi.
11 Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi.
12 Şeýdip, Zimri Bagşanyň ähli nesillerini ýok etdi. Rebbiň Ýehu pygamberiň üsti bilen Bagşa garşy aýdan sözleri berjaý boldy.
13 Çünki Bagşa we onuň ogly Ela butlar ýasap, günä etdiler we olar ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdylar.
14 Elanyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
15 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Zimri Tirsada ýedi gün patyşalyk etdi. Ysraýyl goşunlary piliştlilere degişli bolan Gibeton galasynyň daşyny gabapdylar.
16 Düşelgedäki goşunlar Zimriniň Ela patyşa garşy dildüwşük edip, ony öldürendigi baradaky habary eşidenlerinde, ysraýyl halky goşunbaşy Omryny düşelgede Ysraýyla patyşa etdiler.
17 Şeýdip, Omry bütin ysraýyl halky bilen Gibeton galasyndan çykyp, Tirsanyň daşyny gabadylar.
18 Zimri galanyň basylyp alnanyny görende, patyşa köşgüniň içki galasyna girip, patyşanyň köşgüne ot berip, oda ýanyp öldi.
19 Zimri Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol öz eden günäleri üçin we Ysraýyla etdiren günäleri üçin öldi.
20 Zimriniň galan işleri we guran dildüwşügi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
21 Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi.
22 Omrynyň yzyna eýeren halk, Ginatyň ogly Tibniniň yzyna eýeren halkdan güýçli bolup çykdy. Şeýdip, Tibni ölüp, Omry onuň ornuna patyşa boldy.
23 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň otuz birinji ýylynda Omry Ysraýyla patyşa bolup, on iki ýyl şalyk etdi. Omry Tirsada alty ýyl şalyk sürdi.
24 Omry Samarýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samarýa diýip at dakdy.
25 Omry Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.
26 Çünki Omry Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly günä etdi. Ol ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdy.
27 Omrynyň eden beýleki işleri we görkezen gaýduwsyzlygy hem edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
28 Omry ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samarýada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahap onuň ýerine patyşa boldy.
29 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň otuz sekizinji ýylynda Omrynyň ogly Ahap Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada ýigrimi iki ýyl şalyk sürdi.
30 Ahap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.
31 Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.
32 Ahap Samarýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy.
33 Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýyny Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy.
34 Ahabyň döwründe beýtelli Hiýel Ýerihony täzeden dikeltdi. Hiýel onuň düýbüni tutanda, uly ogly Abyramy gurbanlyk etdi. Ýerihonyň derwezelerini oturdanda, ol iň kiçi ogly Seguby gurbanlyk berdi. Şeýdip, Rebbiň Nun ogly Ýeşuwa arkaly aýdan sözi berjaý boldy.