Bap 5
Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.
2 Süleýman Hirama adam iberip, şeýle diýdi:
3 «Özüň bilýärsiň, kakam Dawut töweregindäki uruşlar zerarly, duşmanlaryndan doly üstün çykýança, öz Hudaýy Rebbe ybadat öýüni gurup bilmedi.
4 Ýöne häzir Hudaýym Reb maňa hemme tarapdan parahatçylyk berdi; mende ne ýagy, ne-de betbagtçylyk bar.
5 Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin.
6 Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok».
7 Hiram Süleýmanyň sözlerini eşidende, gaty şatlanyp: «Bu uly halkyň üstünden patyşalyk eder ýaly, Dawuda şeýle akyl-paýhasly ogul beren Rebbe şu gün alkyş bolsun» diýdi.
8 Hiram Süleýmana adam iberip: «Seniň maňa iberen sargydyňy eşitdim; men seniň kedr hem-de serwi agajy baradaky islegleriňi bitirerin.
9 Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et».
10 Şeýdip, Hiram Süleýmany kedr hem-de serwi agaçlary bilen üpjün etdi.
11 Süleýman bolsa Hirama onuň köşgündäkiler üçin azyk hökmünde elli müň çuwal bugdaý, ýedi müň hum sap ýag berdi. Süleýman Hirama her ýyl şunça azyk bererdi.
12 Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar.
13 Süleýman patyşa bütin Ysraýyldan mejbury işçileri toplady; gullar otuz müň adamdan ybaratdy.
14 Olardan nobatma-nobat boýunça her aýda on müň adamy Liwana ýollady. Olar bir aý Liwanda, iki aý hem öýlerinde bolardylar. Adonyram mejbury işdäkileriň baştutanydy.
15 Süleýmanyň dagda ýetmiş müň sany ýük daşaýany, segsen müň sany daş ýonujysy bardy.
16 Mundan daşary Süleýmanyň işleýän adamlarynyň üstünden garaýan üç müň üç ýüz sany baştutany bardy.
17 Olar patyşanyň tabşyrygy boýunça Rebbiň öýüniň düýbüni tutmak üçin, uly gymmatbaha daşlar we ýonulan daşlar getirdiler.
18 Süleýmanyň binýatçylary bilen Hiramyň binýatçylary we geballylar Rebbiň öýüni gurmak üçin, daşlary ýonup, agaçlary kesip taýýarladylar.